Türkmenistandan sowgatlyk diýip näme alyp bolarka diýen sowala ilkinji nobatda türkmen halkynyň milli we giňden bilinýän tahýa, alaja, ýüň joraplar, halylar we datly türkmen gawuny ýaly zatlar seriňe dolýar.
Hossarlaryň, ýakyn dostlaryň we işdeş ýoldaşlaryň üçin ýadygärlik sowgady hökmünde laýyk geljek zatlara geçirilýän ýerli sergilere gatnaşýan ussat türkmen senetçilerinde gabat gelmek bolýar.
El hünäriniň işlerinden...
Jeren Gurbanowanyň diwarlyk sagatlary. Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň uçurymy bu ajaýyp sungat eserlerini elde döredýär. Suratkeşiň eserlerinde şekillendirilýän kompozisiýalar we göller hakykata kybap we reňkdar bolýar. Bu sowgat interýere-de täzeçil öwüşgin berip, myhmanlaryň ünsüni çeker.
Surat: orient.tm
Anna Soltanowanyň jutdan, şpagatdan hem-de poliefir simlerden taýýarlanan horjunlary. Anna «Annanas» haryt nyşany bilen 2019-njy ýyldan bäri zenanlar üçin niýetlenen horjunlary, klatçlary we gapjyklary, şeýle-de gutulary, kaşpolary, bezeglik halyçalary we beýleki öý bezeglliklerini ýasap gelýär. «Annanas» — bu türkmen milliligi bilen trend täzelikleriniň ýerlikli we sazlaşykly utgaşdyrylmasydyr.
Gülälek Babakulowadan özboluşly gurjaklar. Senetkär zenan matany saýlamaga hem-de onuň her bir tikimine uly ähmiýet berip, gurjaklar üçin geýimleri tikýär. Gülälek bu işinde Türkmenistanyň baý taryhyndan we folklor eselerinden ylham alýar. Onuň gurjak eserlerinde «Leýli-Mejnun», «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr» ýaly eserleriň äheňini, şeýle-de bäş welaýatyň milli geýimlerindäki gurjak eserlerini görmek bolýar.
Mariýa Filipçenkonyň awtorlyk bezeg şaý-sepleri. Türkmen halkynyň bezegleri zergärçilik sungatynda özbaşyna bir ugur diýsek has göwnemakul bolar. Mariýa öz işlerinde häzirki zaman bezegindäki etno-bižuteriýa şaý-seplerine orun berýär. Zergäriň her bir işi el hünärinden döräp, diňe bir nusgada ýasalýar.
Surat: infoabad.com
Andreý Medwedewiň deriden taýýarlaýan ýadygärlik sowgatlyklary. Deri işleriniň ussady hasap edilýän Andreý Alekseýewiçiň döredýän işlerine Türkmenistanda geçirilýän döredijilik işleriniň sergileriniň aglabasynda gabat gelmek bolýar. Olar ykjam horjunlardan, portmone we deriden ýokary tejribe esasynda taýýarlanylýan beýleki aksessuarlardan ybaratdyr.
Aýjemal Rejepowanyň plastilinden ýasalan bezeg önümleri. Tejribeli senetkär plastilinden dürli hili zatlary: gülýakalary, ysyrgalary, kulonlary, gap-gaç üçin bezegleri we ş.m ýasaýar. Adaty bolmadyk bu önümler islendik adamyň ünsüni özünde eglendirýär, özboluşly ajaýyp görnüşi döredýär.
Egin eşikler we aýakgaplar
Süpürgiçler, postel düşegi, trikotaž we jins egin eşikleri türkmen dokma kärhanalarynyň önümçiliginde aýratyn orna eýe bolup, ýurduň esasy gymmatlyklaryna öwrüldi.
2018-nji ýylda Türkmenistanda bu ugurda häzirki zaman döwrebap dizaýnerlik çözgütlerini türkmen milliligi, däp bolan tikinçilik ýörelgeleri bilen utgaşdyrýan «Däp» haryt nyşanly ýaşlar üçin niýetlenen egin eşikleriň önümçiligi döredildi.
Köwüşlere babatda aýdylanda bolsa, ýurtda bu önümleriň o diýen bir köp dürli görnüşde däldigini bellemeli. Ýerli aýakgap önümçilik çygrynda, esasan, «Röwşen», «MB» hem-de Toýly Pirowyň «Marseille» haryt nyşanly önümleri alyjylara ýetirilýär.
Daşary ýurtlara gitmäge hyýallanýan bolsaňyz, ýanyňyz bilen süýjüliklerden goşuňyzy tutmagy utunmaň. Ýerli dükanlardan süýjüleriň köp görnüşlerini, şöhlat hem-de süýt önümleriniň datly görnüşlerini alyp bilersiňiz.
Bellik: makala diňe tanyşdyrmak maksady bilen taýýarlanyp, hiç hili mahabat häsiýetli däldir.
Şeýle-de okaň:
- Şäherleriň doganlaşmagy nädip döreýär: türkmen paýtagtynyň doganlaşan şäherleri
- Türkmenistanda «Белое солнце пустыни» we beýleki meşhur filmleri nädip surata düşürdiler
- Türkmenistanyň okuwçylary üçin has gyzykly bolup biljek tebigy we taryhy gymmatlyklary
- Türkmenistanyň esasy brendi — haly. Ony dünýä meşhur adamlar öýlerine ýazýarlar, golliwudyň filmlerinde surata düşürýärler