Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň esasy brendi — haly. Ony dünýä meşhur adamlar öýlerine ýazýarlar, golliwudyň filmlerinde surata düşürýärler

1
83745
Türkmenistanyň esasy brendi — haly. Ony dünýä meşhur adamlar öýlerine ýazýarlar, golliwudyň filmlerinde surata düşürýärler
Foto: styleinsider.com.ua

Öz ýurduň milli gymmatlyklarynyň haýsydyr biriniň goňşy ýurtlaryň, hatda başga kontinentleriň ýaşaýjylarynda uly gyzyklanma döretmeginiň örän buýsançlydygy bilen sizem ylalaşýansyňyz.

Ine, şeýle eserleriň, halkyň gadymyýetden şu güne çenli sünnäläp, çeperleşdirip gelen gymmatlyklarynyň biri-de türkmeniň nepis halysydyr. Ol türkmen halkynyň gözbaşyny müňýyllyklardan alýan guwanjy we simwolydyr. Özüniň ajaýyplygy we uzak möhlete hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýan ýokary hilli türkmen halylaryny häzirki wagtda hem türkmen dokmaçylary dokap, halk köpçüligine ýetirýärler.

2019-njy ýylyň dekabr aýynda BMG-niň ÝUNESKO-nyň döwletara komiteti Türkmen haly sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.

«Turkmenportal» türkmen halysynyň bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup durýandygyny tassyklaýan subutnamalary gözläp, bütin internet ulgamyny «aýlanyp çykdy».

Iň täze maglumatdan başlasak, 2023-nji ýylyň ýanwarynda UFC garyşyk söweş sungaty guramasynyň ozalky irlandiýaly çempiony Konor Makgregor özüniň sosial media ulgamyndaky sahypasynda surat paýlaşdy. Internet ulanyjylary bu suratdan Makgregoryň türkmen halysyna bolan gyzyklanmasyny gördüler.

2022-nji ýylyň başlaryna rus aýdymçysy Feduk «Танцы на кухне» atly aýdymyna klip surat düşürdi. Wideonyň surata düşürilişi Gazagystanda boldy. Klipde iki hili lokasiýa — öý we garly tokaýda ýerleşdirilen otagyň bezegleri. Bu klipe üns bilen seretseň, ýerde türkmen halysyny görmek bolýar.

Italýan duetiniň klibinde, ýagny reper Fedez bilen aýdymçy zenan Noeminiň aýdýan L'amore eternity («Hemişelik söýgi») atly aýdymynda kadrda türkmen halysy peýda bolýar.

2014-nji ýylda «Burberry» modalar öýüniň ozalky döredijilik direktory Kristofer Beýli erkek egin-eşikleriniň güýz-gyş kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Bu görkezişde aksessuarlara, aýratynam hödürlenen horjunlar bilen bilelikde görkezilen türkmen halysyndan taýýarlanan horjuna-da uly ähmiýet berilýär.

Surat: vogue.com

Anjelina Joliniň öz ilkinji ogullygy Meddoks bilen oýnaýan pursatlarynyň fotosuraty 2005-nji ýylda internet ulgamyna giňden ýaýrady. Bu surata hem türkmeniň nepis halysy ajaýyp bezeg berýär. Emma «Vanity Fair» žurnalynyň iýun aýyndaky sany üçin niýetlenen bu suratlaryň aktrisanyň öýünde däl-de, «Ritz» myhmanhanasynda düşürilendigini örän köp adam bilýänem däldir. Sözümize goşsak, bu suratlary dünýä ýyldyzlary bilen iş alyp barýan tejribeli amerikan fotograf-portretisti Enni Leýbowis düşüripdi.

Bulardan başga hem, türkmen halysy indiki filmlerde interýer bezegi hökmünde ulanyldy:

Çokundyran ata 2 (1974ý.) — baş rollarda Al Paçino hem-de Robert de Niro çykyş edýär.

Gödegi ýola salmak (1980ý.) — baş rollary Adriano Çelentano bilen Ornella Muti ýerine ýetirýär.

Uzak-uzak (1992ý.) — bu filme Nikol Kidman bilen Tom Kruz gatnaşýar.

Sen meniň ýeke-tägim (1993ý.) — Aleksandr Zbruýew bilen Marina Neýolowanyň çykyş edýän rus filmi.

Sallançakdan tabyda çenli (2003ý.) — Jet Liniň we Mark Dakaskasyň çykyş edýän uruşly filmi.

Joý (2015ý.) — Bu filmde biznes-dinastiýasyny esaslandyrýan hökmünde Jennifer Lowrens gatnaşýar.

Gündogar halylaryna amerikan gitaraçysy Jimi Hndriksiň (1942 — 1970) hem syny oturypdyr. London şäherinde ýerleşýän öýünde sazanda 60-njy ýyllaryň ahyryna ýaşapdyr we dokma, haly önümlerini jemlemegi halapdyr. Şolaryň hatarynda türkmen halysynyň bolmagy hem buýsançlydyr. Bu günki günde Bruk Strit köçesiniň 23-nji jaýynda ýerleşýän bu öý sazandanyň öz şahsy muzeýine öwrüldi.

Surat: styleinsider.com.ua

Ine, ýene-de birnäçe kadrlar:

Pol Makkartni («Bitlz» topary).

Surat: beatles.ru

Maýls Deýwis (1926-1991ýý.) Amerikaly meşhur jaz tüýdükçisi we XXI asyr saz sungatynyň ösmegine uly täsir eden toparyň ýolbaşçysy. Deýwis jazyň köp görnüşleriniň we ugurlarynyň gözbaşynda durýan sazandalaryň biri hasap edilýär.

«Ebbi-Roud» ses ýazgy studiýasy — Londonda ýerleşýän studiýalar toplumy. Bu ýerde «The Beatles», «Duran Duran», «Mike Oldfield», «The Shadows», «Pink Floyd», «Oasis», «U2», «Keane» we «Travis» ýaly aýdym toparlary aýdymlaryny ýazga geçiripdirler.

Surat: mobile-review.com

Britaniýaly rok sazandasy Erik Kleptonyň White Christmas promoroliginden (2018ý.) alnan kadrlar.

Amerikan jaz gitaraçysy we kompozitory Li Riternaueriň konsertinde sahna türkmen halysy ýazylypdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: ru.kinorium.com; muz-tv.ru; vogue.com; archive.vanityfair.com; kinomania.ru; styleinsider.com.ua; ru.pinterest.com; beatles.ru; mobile-review.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
nurymyrat2002 ( 25.03.2023 )

В фильме "Царство небесное" тоже мелькает туркменский ковер

128
Meňzeş makalalar