Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Белое солнце пустыни» we beýleki meşhur filmleri nädip surata düşürdiler

0
87591
Türkmenistanda «Белое солнце пустыни» we beýleki meşhur filmleri nädip surata düşürdiler
Surat: kino-teatr.ru

SSSR döwründe türkmen tebigaty dürli görnüşli meşhur filmleriň, şol sanda taryhy, fantastik we hatda ýumoristik äheňdäki filmleriň surata düşürilmeginde uly hyzmata eýe boldy. Dogrusy, bu ýerler ssenariýa laýyklykda, filmiň bütinleý dowamynda peýdalanylman, landşaft diňe ideýany has ýerlikli surata düşürmekde ähmiýetli boldy. Türkmenistan SSR-inde surata düşürilen filmleriň aglabasy sowet kinematografiýasynyň «altyn gaznasyna» girdi.

Surat:domkino.tv

Bularyň hatarynda iň şowly çykan film hökmünde Wladimir Motylyň «Белое солнце пустыни» filmini görkezmek bolar. Ondaky wakalar Türküstanyň çägindäki abstrakt ýerlerde (20-nji asyryň başlarynda Merkezi Aziýa respublikalary şeýle atlandyrylypdyr) bolup geçýär. Deňizdäki tebigy sahnalar, şol sanda Saidiň halas edilýän sahnasy bolsa Hazar deňziniň beýleki kenarynda, Dagystanda (köpleriň pikir edişi ýaly Garagum çölünde däl) surata düşürildi. Ýöne häzirki wagtda bolmadyk Penjent obasynyň keşbi Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna çagalykdan bäri tanyş bolsa gerek, bu ýerler Gadymy Merwiň galyndylary — Soltan Sanjaryň mawzoleýi, Gyzgala galasynyň galyndylary, Baýramalynyň töweregindäki çöl we beýlekilerden ybarat.

Surat:domkino.tv

Film surata düşürilişi maý aýynda, ýazda çölüň gülleýän mahalynda başlandy. Şol ýylyň gyşy sowuk we garly bolansoň, ýaz gelip, bu ýerleri bütinleý güller we otlar bilen örtdi, režissýora bolsa «çöl» peýzažy gerekdi. Bu ýerdäki artykmaçlyk edýän otlary ýygmak üçin bolsa iň ýakyn harby bölümiň esgerleri çagyryldy we birnäçe günüň içinde çukurlary şeýle bir gowy otladylar welin, bu ýer tomus aýynyň ortalaryndaky Garaguma meňzedi.

Surat: most.report

Wladimir Rogowoýyň «Офицеры» atly filmindäki basmaçylar bilen bolýan söweşleriň hem-de daglardaky dartgynly kowgularyň sahnalary Türkmenistanda, ýöne eýýäm Aşgabadyň golaýynda surata düşürildi. Has takygy, dagyň golaýynda ýerleşen Duşak obasy alpinistler we daga dyrmaşmagy halaýanlar üçin iň meşhur ýerleriň biri. Bu ýerde dyrmaşma diwarlary, ulaglar geçip bilmeýän ajaýyp gezelenç ýodalar, şeýle-de dag çeşmejikleri bar.

Surat:webkamerton.ru

Surat:webkamerton.ru

Bu filmde ussat aktýorlardan başga-da, tanymal türkmen suratkeşi Şamuhammet Akmuhammedow hem keşp janlandyrdy — ol Kerimiň roluny ýerine ýetirdi. Akmuhammedowyň eserlerini türkmen muzeýlerinde, Russiýada, Gazagystanda we Ýewropanyň hususy kolleksiýalarynda görmek bolýar. «Офицеры» filminden başga-da, ol «Смерти нет, ребята!» hem-de «Свет маяка» atly filmlerde çykyş etdi.

Surat: livejournal.com

Türkmenistanda surata düşürilen filmlerden meşhurlygy boýunça üçünji orunda durýan — Georgiý Daneliýanyň «Кин-дза-дза» fantastik tragikomediýa fars filmidir. Balkanabatyň golaýyndaky bütinleý çöllük bolup ýatan, juda tekiz hem-de ösümliksiz ýer Plýuk planetasynyň apokaliptikden soňky landşaftlaryny şekillendirmek üçin iň amatly ýer bolup hyzmat edipdir.

Surat: dzen.ru

Filmiň surata düşürilişi tomus paslynda, howanyň yssy mahaly bolup geçdi. Şeýle ýokary temperaturalara öwrenişmedik aktýorlar we surata düşüriş topary örän ýadapdyrlar. Henizem olary bu ýagdaýda Ýewgeniý Leonow öz degişmeleri ýa-da gülkünç hekaýalary bilen gyzyklandyrmagy başarypdyr. Mundan başga-da, resminamalardaky ýalňyşlyk sebäpli rekwizitleriň we bezegleriň bir bölegi hem-de  şol sanda meşhur pespelatlar — intergalaktiki kosmik gämi ýalňyşlyk bilen Aşgabada iberilmeginiň ýerine Wladiwostok şäherine iberilipdir. Ýöne surata düşürilýän ýeriň gapdalynda taşlanan harby howa meýdançasyndaky zibilden tapylan zatlar bolsa geýim hökmünde elementleriň ýerine örän üstünlikli peýdalanyldy.

Surat: 1tv.com

1968-nji ýylda Sergeý Ýurskiniň baş keşbi janlandyran «Золотой теленок»  filmi (režissýory Mihaýil Şweýtser) Garagum çölünde bölekleýin surata düşürildi, ol gysga bölekde Ostap Bender millioner Koreýkony tutýar. Mundan başga-da, sýužetiň ssenariýasyna laýyklykda, wakalar ýene-de Türkmenistanda däl-de, eýsem Sibiriň sebitlerini häzirki Gazagystan we Gyrgyzystanyň çäkleri bilen birleşdirýän demir ýol şahasynyň Türksibiň gurluşygynda amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa, bu kadrlardan Garagum çölüniň tebigaty aýdyň görünýär.

Surat: afisha.ru

Türkmen režissýory Hojaguly Narlyýewiň az tanalýan giçki sowet filmi «Mankurt» Türkmenistanda, Liwiýada we Türkiýede surata düşürildi. Aşgabadyň golaýyndaky Köpetdagyň eteginde çarwalaryň asuda oba hüjüm edip, baş gahrymany ele alyp, ony mankurt görnüşine öwren sahnalary döredildi. Sahnalaryň beýleki bölegi Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň golaýynda we Türkiýäniň Antalýa şäherinde filme ýazgy edildi.

Peýdalanylan çeşmeler:domkino.tv; most.report; biography.wikireading.ru; vestikavkaza.ru; fishki.net.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar