Aşgabat barada maglumat gözläp, «Wikipedia» internet sahypasyna salgylanan islendik adam türkmen paýtagtynyň dogan şäherleri baradaky maglumatyň hem üstünden barandyr. Iki şäheriň özara biri-birini dogan hasap etmegi olaryň howa, geografiki ýa-da taryhy şertleriniň meňzeş bolandygy üçin kesgitlenilmeýär. Ýogsam şeýle meňzeşlikler iki baglanyşykly şäheriň arasynda hem käwagt ýüze çykarylýar.
Häzirki wagtda dogan şäherleriň arasyndaky gatnaşyklar medeniýet, bilim, ykdysadyýet we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlykda beýanyny tapýar. Bu şäherleriň arasynda özara wekiliýetleriň saparlary, sport we çeperçilik sungat hünärmenleriniň iş sapary guralýar, Medeniýet we kino günleri, sergiler, şäher dolandyryşy bilen baglanyşykly dürli mowzuklar boýunça maslahatlar geçirilýär.
Taryhdaky ilkinji dogan şäherler Stalingrad bilen, iňlisleriň edil Stalingradyň özi ýaly Ikinji jahan urşy döwründe bombalanyp tas ýok edilen Kowentri şäheriniň arasynda bolupdyr. Bu 1944-nji ýylda Kowentriniň halky Stalingrada nagt pul we «Uly duýgudaşlyk bildirenimizden, kiçijik kömek etdigimiz...» diýen ýazgyly simwoliki stoly berenlerinde bolup geçdi.
1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde Bütindünýä dogan şäherler federasiýasy döredildi. XX asyryň ahyryna çenli federasiýa dünýäniň 160 ýurdunda üç ýarym müňden gowrak dogan şäherleri özünde jemledi. Dogan şäherler, adatça, dürli ýurtlarda we hatda dürli yklymlarda ýerleşýärler, käwagt bolsa seýrek ýagdaýam bolsa olar bir ýurduň çäginde bolýar. Mysal üçin, Germaniýa birleşenden soň, GDR we FRG-niň çägindäki şäherler bir ýurduň çägindäki dogan şäherlere öwrüldiler.
Dünýäniň has uly şäherleriniň hatarynda Aşgabadyň hem dogan şäherleri bardyr. Olaryň hataryna Moskwa (1996-njy ýyldan bäri), Bişkek (2018-nji ýyldan bäri), Daşkent (2017-nji ýyldan bäri), Astana (2017ý.), Duşanbe (2017ý.), Tokio (2014ý.), Ankara (1994ý.), Aktau, Lançžou (1992), şeýle hem Mali afrika döwletiniň paýtagty Bamako we ABŞ-nyň Albukerke şäheri degişlidir.
Surat: about-planet.ru (Bamako)
Aşgabadyň ilkinji dogan şäheri 1974-nji ýylda Mali Respublikasynyň paýtagty Bamako boldy. Munuň hormatyna bolsa Aşgabadyň köçeleriniň birine Afrikanyň bu şäheriniň ady dakyldy. 1990-njy ýylda bolsa, ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň paýtagty Albukerke Aşgabadyň nobatdaky dogan şäheri hökmünde yglan edildi. 90-njy ýyllarda Aşgabadyň ýaşaýjylaryna uzakdaky Albukerkäniň milli medeniýeti — Amerikanyň ýerli ilatynyň — indeýleriň, meksikalylaryň we kowboýlaryň ýerli aýdym-saz sungaty bilen tanyşdylar. Albukerkeden gelen wekiller bilen nobatdaky döredijilik duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraldy.
Surat: planetofhotels.com (Albukerka)
Görnüşi ýaly, Aşgabadyň dogan şäherleri Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň paýtagty, şeýle hem Russiýanyň, Türkiýäniň we Ýaponiýanyň paýtagty ýaly şäherlerdir.
Dogan şäherleriň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde Aşgabat we Merkezi Aziýa sebitindäki goňşy döwletleriň şäherlerini berk medeni we taryhy baglanyşyklar birleşdirýär. Aşgabat, Daşkent, Astana, Bişkek, Duşanbe şäherleriniň arasynda yzygiderli Medeniýet, kino günleri, suratkeşleriň bilelikdäki çykyşlary, sergiler we döredijilik duşuşyklary we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem-de beýleki medeni çäreler yzygiderli guralýar. Aşgabat Russiýanyň paýtagty bilen eýýäm 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürip başlady we şondan bäri hem iki şäheriň arasyndaky aýrylmaz medeni, jemgyýetçilik we işewürlik gatnaşyklary dowam edýär.
Surat: iamamodel.in.ua (Tokio)
Aşgabat bilen Tokionyň arasynda 7000 kilometr töweregi uzaklygyň bardygyna garamazdan, iki paýtagt şäheri doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ýaponiýa Türkmenistanyň iň öňden dowam edip gelýän we ygtybarly hyzmatdaşydyr. Bu babatda türkmen talyplary Ýaponiýanyň medeniýeti bilen gyzyklanýarlar we ony içgin öwrenýärler, sungat işgärleri hem-de taryhçylar bolsa türkmen topragynyň medeniýeti we taryhy bilen gyzyklanýarlar. Geçen ýyllarda paýtagtda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan medeni çäreleriň birnäçesi — Medeniýet günleri, konsertler, amaly-haşam sungat sergileri, suşiniň, origami we ikebanyň ýapon sungatlary bilen tanyşlyk çäreleri geçirildi.
Aşgabat şäheriniň dogan şäherleriniň sanawy geljekde has hem artar. Türkmenistan sebitleýin we dünýä derejesinde netijeli iş hem-de syýasy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özüni tanatdy.
Peýdalanylan çeşmeler: ru.wikipedia.org; orient.tm; tdh.gov.tm
Şeýle-de okaň: