Soňky habarlar

Arhiw

Transformer-mebeller ýeri tygşytlamagyň özboluşly usulydyr

0
23062

Daryşgan öýleri bolan adamlaryň aglabasynda otaglaryň, umuman öý gurşawynyň darlyk etmegi aýratyn bir meseledir. Otaglaryň göwrümi kiçi bolsa, oňa laýyk geljek goşlaryň bolmagy hem zerur. Bu babatda dürlüçe gurnalýan transformer mebelleriň, olaryň mümkinçilikleriniň we ýerleşiş aýratynlyklarynyň ýerlikli çözgüt bolup biljekdigini bellemeli.

Transformeriň iň ýörgünli görnüşleriniň biri-de açylyp-ýapylýan kitapça diwandyr. Açylan mahalynda onuň arkasy goşmaça ýatylýan bölege öwrülýär. Köplenç bu diwanlary adamlar egin-eşikli ýa başga dürli goş-golamlaryny ýygnap goýmak üçin ulanýarlar. Açylyp-ýapylýan diwanlaryň ýene bir görnüşi astyna ýygnalýan süýşürilýän diwanlardyr. Emma olary hemişe yzygiderli ulanmak bolmaýar, sebäbi, olaryň gurluşy köplenç halatda tertipden çykyp bilýär.

Surat: www.dogtas.kz.

Surat: huskyfurniture.com.

Has çylşyrymly görnüşi bolsa — ikibölekleýin krowada öwrülýän diwandyr. Muny iki çagaly maşgalalar çagalar otagy üçin alyp bilerler, ýöne onuň bahasy-da iki sany krowatyň bahasyna golaýdyr.

Hojalykda ýene-de bir iň gerekli zatlaryň biri transformer stoldyr. Žurnal goýulýan adaty kiçijik stol birnäçe emel bilen adaty iýip-içilýän stola öwrülip, soňra zerur däl mahaly hem ýene-de asylky halyna getirilip, otagda az ýer eýeläp biler. Çylşyrymly bolmadyk gurluş esasynda onuň gapdalky bölekleri aşagynda ýygşyrylýar, gerek mahalynda bolsa ugrukdyryjy bölekler bilen süýşürilýär we berkidilýär. Has çylşyrymly gurnama mebel görnüşi bolsa stol-tumba bolup, ol ýygnalan görnüşinde kiçi tumba ýaly göwrümde bolýar. Kiçijik žurnal stoljagazy ýörite galdyrylýan mehanizm esasynda nahar stoluna öwrülýär. Munuň örän seýrek gabat gelýän görnüşi bolsa diwan stol we krowat stoldur.

Bu aýratynam myhman otagyň, ýatylýan otagyň, naharhananyň we iş otagynyň bir otagda bolan görnüşi — studiýa otagy üçin laýykdyr. 

Surat: expandfurniture.com.

Aşhana stollary uly bolmadyk, ykjam tumbalarda ýygnalyp goýlup bilner, olarda hatda birnäçe sany oturgyjy-da ýygşyryp goýup bolar. Eger zerur bolan ýagdaýynda bolsa olar aşhanada gerekli ýerine süýşürilip gurnalyp bilner.

Transformer krowadyň has ýönekeý modeli galdyrylan görnüşinde dar tarapy bilen diwara berkidilýär we aşak düşürilende bolsa ýörite çekilýän aýaklara daýanýar. Transformer krowadyň has çylşyrymly nusgasy bolsa şkafa gurnalýar. Şeýle gurluşlarda krowat hem dar, hem giň tarapy bilen berkidilýär, bu bolsa uzyn we dar otaglar üçin amatly saýlawdyr. Ýygnalan görnüşinde mebeliň bu görnüşi edil tekjeli we stellažly şkaf ýaly görünýär, düşegiň özi bolsa dolulygyna gizlenýär.

Surat: uyut.eurostan.am.

Surat: repair.expertexpro.com.

Dar öýlerde çagalar üçin özboluşly burçy gurnamakda krowat köplenç halatda «iş zolagynda», stoluň we kitap tekjesiniň ýanynda goýulýar. Bu hili ýagdaýlarda krowat tigirleriň ýa-da ugrukdyryjylaryň kömegi bilen olaryň aşagyndan çykarylýar.

Transformerleriň mümkinçilikli taraplary: ýygnalan görnüşde has gysga ýer tutýar, özünde azyndan iki, kä ýagdaýda bolsa üç funksiýany jemleýär (diwan stol, krowat-diwan-stol we ş.m)

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» mebel kärhanasynyň hünärmenleri sargyt esasynda dürli görnüşli transformer mebelleri ýasap berýärler. Kärhananyň her bir müşderä aýratynlykda çemeleşmegi bu mebel transformerleriň has dar gurşawlara hem laýyk gelmegini üpjün edip, islendik interýere bezeg berýär. Kärhananyň mebel önümçilik işinde meşhur kompaniýalaryň materiallary we toplumlaýyn düzüm bölekleri ulanylýar.  

«Aýbölek» kärhanasynyň mebel görnüşleri bilen tanyş bolmak we kärhananyň dükanyndan sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Peýdalanylan çeşmeler: hafeleshop.ru; www.4living.ru; stroychik.ru; zen.yandex.ru.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar