Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölegiň» işgärleriniň hünär derejesi mebel fabriginiň hiliniň esasyny düzýär

10:0909.09.2022
0
11465

«Aýbölek» türkmen mebel fabriginiň önümleriniň hiliniň esasy düzüm bölekleriniň biri hünärmenleriniň ýokary hünär derejesidir. «Aýbölegiň» ussalary hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli okuwlary geçýärler, bu bolsa olara mebel senagatynyň soňky ösüş ugurlaryndan elmydama habarly bolmaga mümkinçilik berýär.

«Işgärleriň başarnyklary müşderilerimiziň taslamalarynyň hil taýdan ýokary derejede durmuşa geçirilmegine kömek edýär we Türkmenistanyň bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar» – diýip, Aýbölegiň wekili belläp geçdi.

Fabrigiň işi birnäçe gezek halkara hil sertifikatlaryna mynasyp boldy we türkmen bazarynda hereket edip gelýän döwründe – 20 ýylyň dowamynda öz ýöriteleşen önümçilik ugry boýunça baý tejribe toplady, şonuň esasynda hem haryt nyşanyna diňe bir hünärmenleriniň hünär derejesini saklamak däl-de, ony yzygiderli kämilleşdirmek hem başardýar.

«Aýbölek» fabrigi öý, ofis, bilim we lukmançylyk edaralary üçin ýumşak we gabaraly mebelleriň ähli görnüşlerini öndürýär. Şeýle-de fabrigiň ussalary aýratyn sargytlar esasynda hem işleýärler.

«Aýbölek» fabriginiň önümleri bilen şu salgyda ýerleşýän hususy dükanynda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat. Andalyp köç., 80-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň