«Aýbölek» kärhanasy aşhanada naharlanmagyň şertini döretmegi teklip edýär

15:3825.08.2022
0
29378

Hiç bir zat maşgalany bir saçaga jemlenmek ýaly adatdan güýçli ysnyşdyrmaýan bolsa gerek. Munuň üçin has amatly şerti döretmäge, has takygy aşhanada bilelikde naharlanmak üçin mebelleri gurnamaga bolsa Türkmenistanda öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» mebel kärhanasynyň hünärmenleri ýardam edýär.

Aşhanada garbanyş ýagdaýyny üpjün etmekde bu ýerde durjak mebelleri ýaşaýjynyň öz islegine görä ýasamak has oňaýly we aşhananyň gurşawyna laýyk, sazlaşykly hem-de guramaçylykly bolýar.

«Aýbölek» kärhanasy bu babatda aşhananyň ölçegine garamazdan ýaşaýjynyň isleglerine we talaplaryna kybap gelýän has ýerlikli çözgütleri, dizaýn taslamasyny hödürlemekdir.

Göräýmäge aşhana naharlanyş stoluna stol, oturgyçlar we diwan ýaly ýönekeý mebeller girýän ýalydyr, emma kärhananyň dizaýnerleriniň belleýşi ýaly, bu mebelleri döredijilikli öý bezegleri bilen hem baýlaşdyryp bolýar. Mysal üçin, olardan arkasy dürli formadaky we beýiklikdäki nusgawy oturgyçlary, setleri, oturgyç-kreslolary, ýapylýan görnüşdäki we beýleki stillerdäki mebelleri döredip bolar.

Eger aşhananyň gerimi giňräk bolan ýagdaýynda bu ýerde tekjeden ýa-da tumbadan ybarat bolan bufetli özboluşly interýer ýasap bolýar.

Esasy aýtmaly zatlaryň biri-de, köp sanly barlaglaryň netijeleri bir stoluň başyna ýygy-ýygydan jemlenişip, wagtyny hoş geçirýän maşgalalaryň agzybirligi hem-de jebisligi has berk bolýandygy. Öýde täsin, oňaýly dynç almaga ýardam berýän naharhanajygy döretmegiň zerurlygy hem hut şu gatnaşyklardan gözbaş alýar.

«Aýbölek» kärhanasynyň önümleriniň Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň aglabasy üçin has gowy hilli diýlip tanalýandygyny aýdyp bileris. Häzire çenli iş alyp baran döwründe (20 ýyldan gowrak) kärhana ýurduň ýüzlerçe maşgalalarynyň öýlerini ajaýyp we döwrebap mebeller bilen üpjün etdi.

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň