Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» dükanynyň amatly bahaly žurnal stoly öýüňize özboluşly bezeg berer

11:1718.07.2022
0
12073

Täze öýüň ýa-da ofisiň mebelleri könelen ýa-da bezeg döwrebaplygyny ýitirýän bolsa, mebeli täzelemek üçin bolsa köp çykdajy etmäge harajat bolmadyk ýagdaýynda iň oňat çözgüt mebelleriň haýsydyr biriniň ýerine täze mebel almakdyr.

Amatly bahadan hödürlenilýän žurnal stoly hem bu ugurda ýerlikli mebel bolup, ony öz islegiňize görä sargyt etmek bolsa otagyňyzy ölçegine laýyk bezemekdir.

«Aýbölek» mebel kärhanasy dürli dizaýnerlik ölçeglerine laýyk gelýän görnüşde we dürli hili maksatlar üçin žurnal stollaryny işläp taýýarlaýar.

«Aýbölek» dükanynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu günki günde bezegleriň hatarynda iň isleg bildirilýäni transformer-stollardyr. Bu uly bolmadyk stollar duran ýerinde birneme hereketlendirilip, başga bir wezipäni ýerine ýetirip bilýän iş ýa-da nahar stoluna öwrülýär. Bu hili stildäki stollar daryşgan otaglar üçin has laýyk geler.

Islendik bezeg ölçeginde we dürli materiallardan (agaç, aýna, plastik we metal) žurnal stollaryny taýýarlamak kärhananyň hünärmenleriniň elinden gelýär.

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň mebel önümçilik pudagynda hereket edip gelýändigini bellemek gerek. Bu ýyllarda kärhana önümçilik tejribesini ýokarlandyrmak bilen, ýaşaýyş jaýlary, ofisler we döwlet edaralary üçin dürli mebel toplumlaryny taýýarlady.

Öz islegiňe laýyk gelýän taslamalar boýunça mebel ýasatmak materiallary, dizaýny saýlamaga, şeýle hem onuň aýratynlyklary bilen öňünden tanyş bolmaga we öýüň gerekli meýdanyny ýerlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.

«Aýbölek» dükanyndan söwda etmek ýa-da mebel sargyt etmek üçin şu salga baryp bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň