«Aýbölek» mebel kärhanasy sargyt esasynda çaga otagynyň mebellerini taýýarlaýar

10:2512.04.2022
0
7855

Dürli görnüşli mebelleri öndürýän «Aýbölek» kärhanasy çagalaryň otaglary üçin niýetlenen mebelleri sargyt esasynda taýýarlaýar.

Adatça, çaga otagy üçin mebel saýlananda oňa howpsuz ýagdaýy döretmäge ýardam etjek berkligi, oňaýlylygy hem-de ekologik arassalygy nazarda tutulýar.

«Aýbölek» kärhanasynyň mebel görnüşleriniň hatarynda ýörite çaganyň mümkinçilikleri göz öňüne tutulan, şeýle-de onuň göwnünden turjak howpsuz mebeli sargyt etmek bolýar.

Kärhanada mebeller Ýewropa hil ülňülerine kybap gelýän ýokary hilli materiallardan taýýarlanylýar. «Aýbölegiň» hünärmenleri dürli görnüşdäki mebelleri alyjynyň islegine görä, dürli dizaýn, reňk we ölçeg aýratynlyklaryna laýyklykda, otagyň göwrümine we ofis şertlerine deň geljek göwrümde işläp taýýarlaýarlar.

Belläp geçsek, häzir «Aýbölek» mebelleri Türkmenistanyň ähli ýerlerinde uly isleg bilen satyn alnyp, kärhananyň önümleri ýurduň çagalar baglary we okuw jaýlary üçin hem giňden üpjün edilýär.

Öýüňiz üçin islegiňize görä niýetleýän mebelleriňizi şu salgydan sargyt edip bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 8-nji jaý, «Aýbölek» mebel dükany.

Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: 47 01 03; 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň