Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel dükanynyň açylanyna 22 ýyl bolýar

10:1709.04.2022
0
6558

Türkmenistanda ilkinjileriň hatarynda mebel önümçiligini we satuwyny ýola goýan «Aýbölek» mebel dükanynyň açylmagyna 22 ýyl bolýar. Şol wagt — 2000-nji ýylda ol mebel önümlerini satýan dükan hökmünde işe başlap, 10 ýyldan soň bolsa dükanyň mebel önümçiligini alyp barýan fabrikasy işe girizildi.

Mebel fabriginde materiallary we taýýar önümleri saklamak üçin birnäçe ussahanalar we ammarlar bar. «Aýbölek» kärhanasy köp ýyllyk tejribesi esasynda agaçlary we metallary gaýtadan işlemekde häzirki zaman enjamlaryndan peýdalanyp, köp dürli görnüşdäki ýokary hilli mebel önümlerini öndürýär.

Kärhana öz dükanlaryndan we şahsy taraplardan sargyt etmek üçin agaçdan we metaldan öý hem-de ofis otaglary, bilim we lukmançylyk edaralary üçin ýumşak hem-de bitewi mebelleriň ähli görnüşlerini alyjylara ýetirýär. «Aýbölek» kärhanasynda öndürilen önümler mekdeplerde, çagalar baglarynda, hassahanalarda we saglyk öýlerinde, medeni-jemgyýetçilik edaralarynda giňden ulanylýar. Dynç alyş otaglary we ýatylýan otaglar üçin mebeller, aşhana mebel toplumlary hem türkmenistanlylaryň öýlerini bezeýär.

Häzirki wagtda kärhana Ýer ýüzüniň 23-den gowrak tejribeli mebel kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Kärhanada taýýarlanan mebel önümleriniň dürli görnüşleri bilen dükanyň şu salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Taýýarlanan mebeller sargyt esasynda degişli salga tölegsiz eltilýär hem-de gerekli ýerinde islegiňize görä, ökde hünärmenler tarapyndan gurnalyp berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň