Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel dükanynda şahsy emläkleri gorap saklamak üçin amatly seýfleri saýlap berýärler

10:0606.05.2022
0
8267

«Aýbölek» mebel dükany hojalykda peýdalanylýan birnäçe harytlary, şol sanda her hili ygtybarlylyk derejedäki seýfleriň dürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär. Şeýle hem dükan bu harytlary Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltip bermek bilen, olary gurnama boýunça we düzediş geçirmek işlerini üpjün edýär.

«Aýbölek» dükanyndan ofisde, dükanda, ammarda ýa-da öýde emläk howpsuzlygyny ýola goýmak üçin her hili seýf görnüşlerini saýlap bilersiňiz. Dükanyň dolandyryjy hünärmenleri seýfde saklamak üçin gymmat bahaly zatlaryňyzyň aýratynlyklaryny (möhüm kagyzlar, resminamalaryň asyl nusgalary, buhgalteriýa resminamalary, elektron göterijiler, nagt pullar, şaý-sepler we ş.m.) göz öňüne tutup, iň oňat seýf modelini saýlamaga ýardam eder.

Dükanda hödürlenilýän seýfleriň dürli ululykdaky, döwülmeýän we ýanmaýan, mehaniki we elektron gulply, şeýle-de bir hem-de iki gulply görnüşleri bardyr. Zerur bolan ýagdaýynda seýfiň gizlin gurulmagy üçin ýörite diwarlyk ýerini sargyt edip bolýar, şeýlelikde bolsa ony otagyň içki bölegine gowy ýerleşdirip bolýar.

Belläp geçsek, «Aýbölek» mebel kärhanasy ýaşaýyş jaýlary, okuw mekdepleri we ofisler üçin özbaşdak isleg bildirilýän dizaýn taslamalary esasynda taýýarlanan mebelleri hem alyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

Dükanyň harytlary bilen tanyşmak ýa-da sargyt etmek üçin şu salga baryp ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Andalyp köçesiniň 80-nji jaýy.

Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň