Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýetginjekleriň otagyny bezemegiň has ýerlikli çözgüdi

0
20020

Çagalar örän tiz, hatda göz açyp-ýumasy salymda ulalýarlar. Çagaňyzy düýn elinden tutup Çagalar bagyna äkidýän bolsaňyz, bu gün eýýäm olar öňüňizde durmuşa girişmäge taýyn, ýaşy ýeten ýetginjek bolup dur.

Käte ýetginjek ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň otagyna girip, çagalar otagyna çalym edýän bu ýeriň çaganyň düşünjesidir ýaşy bilen gabat gelmeýändigine göz ýetirýärsiňiz. 11 ýaşly çaganyň otagyny gaýtadan abatlamak ýa-da bu ýerde bezeg işlerini geçimek isleseňiz, ilki bilen, onuň gyzyklanmalaryny, meşgullanýan zatlaryny, aýratyn-da onuň isleglerini nazarda tutmaly.

Ene-atalara täze otagy bezemekde we bezegleri meýilleşdirmekde ozal oýun oýnamak üçin gurşawy döretmek ilkinji orunda duran bolsa, indi onuň ornuny okuw hem-de dynç almak şertlerini üpjün etmek tutýar.

Ýetginjekleriň otagynda iş ýerleri üçin iň amatly ýer penjiräniň öňüdir, şonuň üçin gündizine okuwçy stolunyň üstünde Gün şöhlesi has köp düşýär. Okuw üçin zerur zatlaryň we enjamlaryň aňsatlyk bilen ýerleşdirilmegi üçin stol giň bolmaly. Bu ýagdaýda çäklendirilen otagda ýazuw stoluny penjiräniň öňlügine öwrüp bolýar. Şeýle-de has oňaýly bolar ýaly çaganyň ýaşyna görä ulaldylýan stullaryň we partalaryň modeline üns bermelidir.

Surat: dizainvfoto.ru

Çaganyň gözüniň saglygy otagyň yşyklandyrylyşyna baglydyr. Şol sebäpden hem onuň üçin howa şertleri ýa-da öýüň ýerleşişi sebäpli hemişe ýeterlik bolmadyk tebigy yşykdan başga-da, emeli ýagtylygyň birnäçe çeşmesini ulanmak zerurdyr. Şunlukda perimetrlikde ýerleşen ýa-da adaty çyralar, şeýle hem stol çyrasy, bra we beýleki birnäçe kömekçi ýagtylyk çeşmelerini göz öňüne tutmak bolar.

Ýazuw partasynyň ýanynda goşmaça ýagtylyk çeşmesiniň bolmagy hökmandyr. Eger çaga saglakaý bolsa, onda çyrany çepde, eger ol çeplekeý bolsa, onda çyrany sagda ýerleşdirýärler.

Dogry, otagda ýatylýan zolagyň bolmagy hem möhümdir. Eger otagyň giňişligi ýatylýan mebeli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän bolsa, onda otagda ony ýerleşdirmek ýerlikli bolar, eger beýle şertiň ýok ýagdaýynda bolsa süýşürilýän krowat ýa-da diwan-transformer mebelini ulanmak bolýar.

Surat: remoskop.ru

Ene-ata çagasynyň ýanyna dostlarynyň ýa joralarynyň gelip durýanlygyny-da ýatdan çykarmaly däldir. Munuň üçin otagda ýaşlaryň dynç alşy üçin kreslolary nazarda tutmak gerek.

Otagda zatlary ýygnap goýmak üçin ýerleri göz öňüne tutmak örän möhümdir. Munuň üçin şkaflary, asylýan şkaflary we açyk hem-de ýapyk tekjeleri ýerleşdirmek gerek. Otagda gyzlaryň egin-eşiklerini goýmagy üçin giň hem-de ykjam şkaflary ýerleşdirmeli. Eger çaga sport bilen meşgullanýan bolsa, onda otagyň burçunda baýraklar we sylaglar üçin ýer döretmek bolar.

Otagyň ýer-ýerligi babatda bu aýratynlar ýeterlik bolsa gerek, emma onuň stili we bezegi dogrusynda nämeleri bellemek zerur? Bu babatda interýer dizaýnerleri ortaça ak, çal, gara hem-de agaçreňk mebel we reňk sazlaşygyny döretmegi maslahat berýärler. Otagyň interýerini bolsa ýetginjegiň özüni has erkin duýmagy üçin minimal stile laýyklykda ýerine ýetirmek ýerliklidir.

Фото: design-homes.ru

Bu göräýmage sada hem-de otagy boşlaw görkezmegi mümkin, ýöne ýagty we aýdyň otag bezegi ýetginjegiň ýaş aýratynlygy üçin oňaýly çözgütdir. Ýetginjekler otagynda gyzyklanýan zatlarynyň, öz halaýan şahsyýetleri bilen bagly bezegleriň bolmagyny isleýärler.

Umuman, bu ugurda öýleri bezemegiň ýoly kän, şonuň üçin esasy zat çaganyň özüne bu zatlary islegine laýyk guratmak hökmany ýagdaýdyr.

Türkmenistanda beýle täsin hem ýerliki gurşawy döretmäge, olary döwrebap mebeller bilen üpjün etmäge «Aýbölek» mebel kärhanasynyň hünärmenleri giňden ýardam berýär. Kärhana munuň üçin müşderiniň isleglerine kybap gelýän özbaşdak mebel we beýleki öý bezeg önümlerini, dizaýn-taslamalary taýýarlap berýär.

«Aýbölek» kärhanasynyň mebelleri örän inçelik bilen, sünnäläp ýerine ýetirilendir. Bu ýerde hödürlenilýän materiallaryň köpdürlüligi we olaryň müşderiniň isleginden ugur alýandygy her bir adama özüni dizaýner hökmünde duýmaga ýardam edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý;
  • Telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Peýdalanylan çeşmeler: designwiki.ru; zen.yandex.ru; homius.ru; housechief.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar