Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» dükanynyň ofis mebelleri oňaýly iş gurşawyny döretmäge ýardam eder

10:0412.05.2022
0
2255
«Aýbölek» dükanynyň ofis mebelleri oňaýly iş gurşawyny döretmäge ýardam eder

«Aýbölek» mebel kärhanasy ofisler üçin niýetlenen mebelleri müşderileriň islegine görä sargyt esasynda gysga möhletde taýýarlaýar. «Aýbölek» mebel kärhanasynyň hünärmenleri çylşyrymly ölçegdäki taslamalary, döwrebap mebelleri ýasamakda baý tejribä eýe bolup, göwnejaý iş gurşawyny döretmek üçin has oňaýly hem-de islegleri kanagatlandyryp biljek derejedäki mebelleri saýlap almaga ýardam eder.

Kärhana iş ýerleri we işgärleriň dynç alýan otaglary, kabulhanalar, ýolbaşçynyň otagy hem-de ýygnak geçirilýän zallar we beýleki ýerler üçin ofis mebelleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. Şeýle-de onuň önümhanasynda dükanlar üçin tekjeler, söwda sütünleri we dürli maksatlara niýetlenen diwarlyk panelleri ýasalýar.

Bu ýerde ofisiň bitewi sazlaşykly gurşawyny döretmegiň özboluşlylygy hem ünsden düşürilmeýär. «Aýbölek» kärhanasy öz imijine kybap gelýän häsiýetli aýratynlyklary: reňkleriň sazlaşygyny döretmek ýörelgesini, özbaşdak şekilleri we sargyt edijiniň haryt nyşanyny nazarda tutýar.

Ýeri gelende «Aýbölek» kärhanasynyň halkara derejesindäki köp sanly abraýly baýraklaryň eýesi bolandygyny hem bellemek bolar.

«Aýbölek» mebel dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň