Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi

11:5621.04.2022
0
6402

«Turkmenportal» internet habarlar neşiriniň habarçysy «Aýbölek» mebel dükanynyň esasy edarasyna baryp, kärhananyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň ýolbaşçysy Durdymuhammet Annagulyýew bilen söhbetdeş boldy.

Iş otagyna giren mahalyň gözüňe ilýän ilkinji zat — «Aýbölek» mebel kärhanasynyň gazanan üstünliklerini beýan edýän köp sanly diplomlarydyr baýraklary.

Kärhananyň hünärmeni bu ýerde öndürilýän mebeller barada şeýle belleýär:

«Biziň soňky gazanan baýraklarymyzyň biri — Ýewropa Hil Gözegçilik jemgyýeti tarapyndan gowşurylan «Quality Choice Prize-2021» (ESQR) baýragy. Ýewropanyň bu guramasy biziň kärhanamyzyň önümleriň hilini gowulandyrmagyň hasabyna ýüze çykarýan dünýä ýüzündäki tapawutly aýratynlygymyzy makullaýar. Biziň hünärmenlerimiz önümleriň halkara standartlaryna laýyk gelmegini kärhananyň işiniň täsirli ösmeginiň girewidigine oňat düşünýärler.»

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň abraýly baýraklarynyň hataryny Germaniýada geçirilen halkara sergide gowşurylan «Золотая Арка Европы» (2012-nji ýyl), Las-Wegas şäherinde geçen forumda önümleriň ýokary hili üçin berlen «Платина» (2013-nji ýyl) baýragy we beýleki sylaglar düzýär.

Mebel öndüriji kärhana her bir mebeli taýýarlamakda onuň kiçijik böleklerine çenli aýratyn ähmiýet bilen çemeleşýär. Olarda ulanylýan berk çarçuwalar, ýokary hilli galdyryjy mehanizmler, mäkäm berkidilýän materiallar hem-de beýleki zerur elementler önümiň uzak möhlete hyzmat etmegini kepillendirýär.

«Aýbölek» mebel dükanyndan taýýar mebel toplumyny ýa-da mebeli aýratynlykda satyn almak üçin dükanyň Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýyndaky salgysyndan sargyt edip bilersiňiz. Dükan satyn alnan harytlaryň eltilmegini we gurnalmagyny tölegsiz üpjün edýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň