«Aýbölek» mebel kärhanasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijelerini mälim etdi

11:2427.04.2022
0
7514

Türkmenistanyň öňdebaryjy mebel kärhanalarynyň biri bolan «Aýbölek» mebel fabrikasy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijesini jemledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende kärhananyň söwda dolanyşygy 115% ýerine ýetirildi.

Bu babatda kärhananyň hünärmeni «Turkmenportal» web saýtynyň redaksiýasyna şeýle gürrüň berýär: «Biziň kärhanamyzyň ähli önümleri ösen tehnologiýa enjamlary arkaly öndürilip, hil barlaglary önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, fabrikada Germaniýanyň HOLZMA kompaniýasynyň mebelleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän derejede öndürmäge mümkinçilik berýän kesiji enjamynyň Ýer ýüzüniň iri modifikasiýasy ýerleşdirilendir».

Belläp geçsek, «Aýbölek» mebel kärhanasy ýörite taýýarlykly hünärmenleri saýlap almaga hem uly ähmiýet berýär.

Kärhananyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, bu ýerde bar bolan dürli görnüşli materiallar esasynda alyjy öz göwnüne ýaran materialy, fakturasy, reňki we beýleki aýratynlyklary boýunça mebeli saýlap özüni harydynyň dizaýneri hökmünde duýup biler.

«Aýbölek» mebel dükany 20 ýyldan gowrak wagt bäri alyjylara myhman otagy, ýatmak üçin niýetlenen otag, girelgeler, çagalar otagy hem-de aşhanalar üçin ýörite mebelleri hödürläp gelýär. Şeýle-de dükanda ofisler we ýolbaşçylaryň iş otaglary üçin dürli görnüşli mebeller müşderilere ýetirilýär.

Kärhananyň taýýar önümlerini satyn almak ýa-da islege görä sargyt etmek üçin Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýyndaky dükanyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 47 01 03, 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň