Aýnalaryň jadysy: häzirki zaman tendensiýalar, hakyky ideýalar

0
15914

Aýnalarynyň sany 12-den az bolan öýde ýetişen gyz owadan bolup bilmez.
Kawkaz aýtgysy

Köpasyrlyk taryhynyň bardygyna garamazdan, aýnalaryň dizaýn mümkinçiligi ýokary baha eýedir. Aýnalar diňe bir interýere gözellik bermän, eýsem olar öý bezeginiň ýetmezçiligini hem ýaşyryp bilýändir.

Bu makalada aýnalary interýerde ulanmagyň has täsirli usullary okyjylara ýetirilýär.

Ýüzi aýna bilen örtülen mebeller

Göwrümi gysga öýlerde ýaşaýanlar üçin ýer tygşytlamagyň has ýerlikli usuly ýüzi aýnalary mebellerden peýdalanmak bolup durýar. Aýnaly mebelleriň adaty görnüşlerinden başga-da, bu ýagdaýda girelgede goýulýan ýüzi aýnaly şkaf-kupe, tumbalar, stellažlar, komodlar, aýnaly kitap tekjeleri we beýleki mebellerden peýdalanmak bolýar.

Surat: uutvdome.ru

Bu hili mebeller islendik interýer üçin kadaly we laýyk bolup, metal bilen hem, agaç mebeller bilen bilen-de utgaşýandyr. Şeýle-de ýüzi aýna bilen örtülen mebellere dürli hili usullar bilen nagyşlary çekmek bolýar.

Aýna potolok

Näme üçin potology aýna bilen örtmegi hakykata laýyk hasap edip bolmaz? Bu bezeg usuly her kimiň kellesine gelibem duranok, ýöne onuň köp tapawutly tarapkary bardyr:

  • Dar otaglary giň ýaly edip görkezip biler;
  • Aýna potolokda çyranyň öwüşgini ýokary derejede bolýar hem-de göwnejaý aýdyňlygy döredýär. Şeýle-de çyralaryň pes öwüşginli görnüşlerinden peýdalansaň hem bolýar;

Surat: na-dache.pro

Umuman, bu bezeg ulanyljak bolsa, potology dolulygyna däl-de, onuň merkezi bölegini aýna bilen örtmek has oňaýlydyr.

Diwarlary aýna bilen örtmek

Surat: m-strana.ru

Dekoryň original häsiýetdedigini diwarlaryň aýna pannosy bilen ýüze çykaryp bolar. Aýnalary bölekleýin dürli göwrümde diwarlara örtüp bezemek bu gurşawy hakyky sungat eserine öwrer. Bu ýerde her bölek otaga özboluşly öwüşgin berip, otagyň bölekleýin şekilini döreder we täzeçil bezeg hökmünde üns çeker.

Surat: m-strana.ru

«Balygyň gözi» bezegli ýa-da aýlawly aýna

Surat: rerooms.ru

Bu sferik aýna edil fotoenjamyň linzasyndaky ýaly öwüşgin berýär. «Balygyň gözi» bütin otagy özünde şöhlelendirýär. Ozal bu hili aýnalar gymmatbaha şaý-sepleriň dükanlarynda gözegçilik etmek üçin ulanylypdyr.

Aýna harplary

Aýnalar bilen diwarlara ýazylan ýazgylar ýa-da harplar otaga özbaşdak häsiýet berýär. Aýna harply bezeg çagalar otagyna, myhman otaga, ýatylýan otaga hem-de aşhana has gelişýär.

Aýnadan sagatlar

Aýnadan ýasalan sagatlar sagat hökmünde peýdalanylýan bezeg bolsa-da, olaryň ilkinji wezipesi otagyň diwaryna bezeg bermekdir. Ol döwrebap öý bezeginde giňden ulanylýan usuldyr.

Surat: lovely-dom.ru

Gapylardaky aýnalar

Öz boýy bilen des-deň aýna edinmegi isleýän we oňa ýer tapmaýan adamlar üçin bu has laýygydyr. Munuň üçin has ýuka hem-de termo gatýadan işlemäni geçen aýnalaryň peýdalanylýandygyny bilmek zerurdyr.

Surat: rezident.su

Türkmenistanda aýnalaryň dürli hili görnüşlerini öndürmek, olary dürli dizaýna laýyk edip bezemek bilen «Aýbölek» mebel kärhanasy giňden meşgullanýar. Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýyndaky «Aýbölek» dükanynda hödürlenilýän aýna mebellerinden başga-da, kärhana müşderileriň öz isleýşi ýaly görnüşde aýna mebellerini taýýarlamagyu sargyt alýar.

Kärhana mebelleriň hem islendik görnüşlerini: ýumşak, korpusly, agaçdan hem-de metaldan, öý we ofis üçin, kärhanalar we şahsy sargytlar boýunça taýýarlanan mebelleri taýýarlap berýär.

Bellesek, «Aýbölek» mebel kärhanasy önümleriniň ýokary hilliligi üçin birnäçe sany abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

Peýdalanylan çeşmeler: rerooms.ru; roomble.com; houzz.ru.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar