Almatydaky Al-Farabi uniwersitetiniň auditoriýalary Türkmenistandan getirlen mebeller bilen üpjün ediler

16:3113.09.2022
0
35728

Türkmenistanyň mebel senagatynda öňdebaryjylarynyň biri bolan Aýbölek kärhanasy öz önümleriň bir tapgyryny Almatydaky Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersiteti üçin taýýarlady we Gazagystana iberdi.

Bu Gazagystanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri üçin taýýarlanan mübel önümleriniň ikinji tapgyrydyr. Bu gezek Türkmenistandan goňşy respublika müňden gowrak okuw esbaplary iberildi: 270 parta we 540 oturgyç, şeýle hem 180 sany okuw tagtasy. Ibermeler şu ýylyň iýul aýynda Gazagystanyň okuw edaralary üçin mebel önümlerini taýýarlamak boýunça baglaşylan şertnamanyň çäklerinde amala aşyryldy.

Aýbölek fabrigi öz önümlerini Özbegistana hem ýerleýär – şu ýylyň tomsunda Daşkentdäki orta mekdep we çagalar baglary üçin okuw mebelleriniň iri tapgyry taýýarlanyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň