Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» kärhanasy hususy sargyt boýunça aýnalary taýýarlap berýär

10:0603.10.2022
0
18277

Aýnanyň kömegi bilen jaýyň wizual giňişligini artdyrmak, içki bezegiň özboluşlylygyny ýüze çykarmak, otagyň aýratynlyklaryna ünsi çekmek mümkindir.

Türkmenistanda hususy çyzgylar esasynda aýnalary taýýarlamak işi bilen ýurdumyzda mebel önümleri bilen meşhurlyk gazanan «Aýbölek» kärhanasy meşgullanýar.

Kärhanada dürli şekilli aýnalar we aýna kompozisiýalary – çarçuwaly, çyraly, bezeg pannolary we aşhana öňlükleri şekilindäki aýnalar döredilýär. Mundan başga-da, sargyt edijiniň islegleri göz öňünde tutulyp, aýnalaryň üsti suratlar we nagyşlar bilen bezelip bilner.

Şeýle hem «Aýbölek» dellekhanalaryň, gözellik salonlarynyň, sport we tans zallarynyň, restoranlaryň we iş otaglarynyň eýeleri üçin islendik çylşyrymlylykdaky aýna gurnamalaryny taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.
Sargydy resmileşdirmek üçin salgysy: Aşgabat, Andalyp köçesi, 80.

Sargyt edijiler «Aýbölegiň» hünärmenleriniň toplumlaýyn we ussatlarça çemeleşmelerine bil baglap bilerler, olar aýna kompozisiýalarynyň gerekli ölçeglerini alarlar, gysga wagtyň içinde taýýarlarlar, eltip bererler we gurnarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03; (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň