Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» nähili barmaly we munuň üçin nämeler gerek

0
147983

Birinji usul uçar bilen ― munuň üçin birnäçe wagt öňünden «Türkmenhowaýollary» gullugynyň resmi saýtynda onlaýn internet arkaly petek satyn almaly.

Şeýle hem «Saray» mobil goşundysyny ýükläp alyp, onuň üsti bilen onlaýn arkaly petek satyn alyp bolýar. Bu mobil goşundysy Android we iOS telefon ulgamlary üçin niýetlenendir. Howa ýollary kompaniýasynyň saýtynda petekleri uçuş wagtyna 24 sagatdan az bolmadyk möhlet galanda töleg geçirip ýa-da öňünden saklap goýmak(bron) bolar. Mundan başga-da howa gatnawy üçin petekleri Oguzhan köçesi 211 salgyda ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» döwlet aragatnaşyk agentliginiň merkezi edarasyndan satyn alyp bolar.

Ýolagçynyň ýany bilen äkidýän 20 kg çenli, şol sanda 5 kg el goşlary tölegsiz geçirilýär. Petekleri aeroportuň özünden hem satyn alynýar. Munuň üçin uçuşyň anyk senesini kesgitlemek we ýanyň bilen gerekli resminamalary almak ýeterlikdir. Howa gatnawynyň bir tarapyna uly adamlar üçin petegiň bahasy 108 manat, çagalar üçin 65,30 manatdyr. Uçuşyň dowamlylygy 1 sagada deňdir. Uçuş tertibi bilen ssylka arkaly tanyşmak bolar.

Ikinji usul demir ýol otlusy bilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda bellige alynmak, gatnawlaryň wagty we senesi bilen tanyşmak hem-de ähli pasport maglumatlaryny girizmek esasynda onlaýn arkaly petekleri satyn alyp bolar. Şeýle hem Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenilen resmi mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşinde petekler satyn alynýar. Mundan başga-da Android we iOS ulgamlarynda işleýän «Saray» mobil goşundysy ýolagçylara petekleri satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Galyberse-de, petekleri «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk bölümlerinden we Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýerleşýän demir ýol wokzalyndan satyn alyp bolýar.

 

Ýoluň dowamlylygy 10 sagat 40 minut bolup, bir adam üçin petegiň bahasy: ýatylýan wagon üçin 100,30 manat, plaskart 24,50 manat, küpe 45,10 manatdyr. Şunda ätiýaçlandyryş 0,25 manada, hyzmat 3,00 manada, düşek we ýassyk daşlary üçin töleg 5,00 manada deňdir. Gatnawyň tertibi bilen ssylka arkaly tanyşmak bolar.

Üçünji usul awtobus bilen ― petekleri N2105 köçesiniň (Hoja Ahmet Ýasawy) 39-njy jaýyndan ýa-da resmi saýtdan  internet arkaly onlaýn görnüşinde satyn alyp bolar.

Gatnawyň dowamlylygy 11 sagat bolup, uly adam üçin petegiň bahasy 60 manat, çagalar üçin 30 manatdyr. Gatnawyň tertibi bilen ssylka ýa-da resmi saýtda görkezilen telefon belgileri boýunça tanşyp bolar.

Dördünji usul taksi bilen ― «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna barýan awtoulaglar Çoganlynyň awtoulag goýulýan meýdançasyndan we wokzalyň golaýyndan gatnaýarlar. Awtoulagda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna 5-6 sagadyň dowamynda baryp bolýar. Türkmenbaşynyň aeroportundan Awaza çenli hem taksi ýa-da awtobus arkaly barylýar. Syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýol hereketi diňe awtobuslar ýa-da döwlet taksileri boýunça ýerine ýetirilýär. Awazanyň çäginde şahsy awtoulaglaryň hereketi gadagandyr.

Gatnaw bir welaýatdan beýleki welaýatyň çägine uçar, demir ýol, awtoulag ýa-da awtobus arkaly amala aşyrylanda ýolagçylar uçuşyň ýa-da gatnawyň 72 sagat öňünden COVID-19-yň ýokdugy hakynda kepilnama(gatnaw yzyna amala aşyrylanda kepilnama zerur däl) almalydyrlar. Gatnaw hereketinden öň ähli ýolagçylaryň beden gyzgynlygy ölçenilip, elleri zyýansyzlandyryjy erginler bilen arassalanýar.

Türkmenportal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýänlere Türkmenistanyň dynç alyş merkezlerinde we şypahanalarynda dynç almagyň tertibini hem-de COVID-19-a garşy sanjym ediş nokatlarynyň sanawyny ýatladýar.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar