Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ulanyjylaryň internet ulgamynda goýberýän 10 sany ýalňyşlygy

0
70734

Internet ulgamyndan peýdalanylanda maglumat howpsuzlyk kadalaryny üpjün etmeli, eger maglumat howpsuzlyk düzgünleri berjaý edilmese, kompýuteriňiz we onuň içinde saklanýan şahsy maglumatlaryňyz howp astyna düşüp biler. Munuň ýüze çykmazlygy üçin, “Türkmenportal” internet ulgamynda ulanyjylar tarapyndan goýberilýän umumy ýalňyşlyklaryň sanawyny taýýarlady.

1. Okamazdan we tanyşmazdan dürli ylalaşyklary kabul etmek

Ulanyjy ylalaşygyny okamazdan kompýuteriňize täze programma gurnamak bilen, wirusyň ýa-da zyýanly programmanyň kompýuteriňize göçürilip alynmagy mümkin. Şonuň üçin täze programma gurnamazdan ozal, ulanyjy ylalaşygyny okamak we programmalary ygtybarly çeşmelerden gurnamak maslahat berilýär.

2. Dürli hasaplarda şol bir paroly ulanmak

Dürli hasaplaryňyzda şol bir paroly ulansaňyz, bir hasabyňyzyň paroly döwülen ýagdaýynda, ähli hasaplaryňyza elýeterlilik açylmagy ahmal. Parollar mümkin boldugyça dürli we çylşyrymly bolmaly.

3. Nätanyş internet (URL) salgylary boýunça geçmek 

Nätänyş URL salgylarynyň üstüne basylmagy haýyş edilse olaryň üstüne basmaň. Onuň netijesinde kompýuteriňize wirus ýokaşmagy ahmal.

4. Birbada birnäçe brauzer sahypalaryny (вкладка) açmak

Internet ulanýan wagtyňyz web brauzerde näçe köp sahypa açsaňyz, kompýuteriňiziň işjeňligi şonça hem peseler, sebäbi web brauzer kompýuterden ýokary öndürijilik talap edýär. Birbada zerur bolmadyk sahypalary açmaň.

5. Nätanyş “Wi-Fi” torlaryndan peýdalanmak

Köpçülikleýin “Wi-Fi” torlaryndan peýdalananyňyzda şahsy maglumatlaryňyzy girizmejek boluň, nätanyş “Wi-Fi” torlara bolsa asla birikmezlik maslahat berilýär, sebäbi bu torlar arkaly wirus hüjümleri edilip biliner we şahsy maglumatlaryňyz alnyp biliner.

6. Sosial torlara çenden aşa ynam

Hasaba pul geçirmek haýyşlary, harytlar üçin aksiýalar, hakyky däl satyjy... Bulara sosial torlarda köp gabat gelmek bolýar. Kim bilen iş salyşýandygyňyza üns beriň, ilki anyklaň.

7. Kompýuterde antiwirusyň bolmazlygy

Internetde gaty seresap bolsaňyzam, elmydama wirus “tutmak” howpy bar. Şonuň üçin kompýuteriňize antiwirus gurnamak mümkinçiligini ýa-da iň bolmanda zyýanly programma üpjünçiligini barlaýan ýönekeý programmany gurnamagy ýatdan çykarmaň.

8. Nätanyş saýtlardan söwda etmek

Nätanyş web-saýtlardan söwda etseňiz, bank kart maglumatlaryňyz keseki adamlaryň eline düşmegi ahmal. Tanalýan we meşhur web-saýtlardan söwda ediň we web-saýtda ýaşyl gulpjagazyň we “https” ýazgysynyň bolmagyna üns beriň.

9. Bank kartyňyzyň maglumatlaryny saýtlaryň ýadynda galdyrmak

Käbir web-saýtlardan söwda edilende bank kartyňyzyň maglumatlaryny web-saýtlaryň ýadynda saklatmak soralýar. Şular ýaly ýagdaýlarda maglumatlary ýatlarynda saklatmaň, netijede bank kartyňyz belli derejede goragly bolar.

10. Nätanyş elektron poçta salgylardan gelen hatlary açmak

“Siz baýrak utduňyz, lotereýde ýeňiji bolduňyz” ýaly ýazgylar ýa-da mahabat ýazgylary elektron poçtaňyza gelse ilki bilen olaryň hakykylygyny anyklaň. Ol hatlary açmak bilen, şahsy maglumatlaryňyzy ýitirip bilersiňiz. Bu görnüşli kompýuter hüjümleri “fişing” diýlip hem atlandyrylýar. Zerur bolmadyk hatlary okaman pozuň.

Ýokarda beýan edilen maslahatlara laýyklykda, belli bir derejede internet ulgamynda kompýuteriňizi hem-de şahsy maglumatlaryňyzy gorap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar