Top.Mail.Ru

Aşgabatda geçirilýän TSTB-2025 sergisine 100-den gowrak daşary ýurt wekiliýeti gatnaşdy

16:5017.03.2025
0
25435

17-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda TSTB-2025 sergisi açyldy we ol 19-njy marta çenli dowam eder.

Bu çäre 18-nji martda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine Russiýadan, Gazagystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Hytaýdan, Germaniýadan, Owganystandan, Estoniýadan, Belarusdan we Fransiýadan gelen 100-den gowrak daşary ýurt wekiliýetiniň ünsüni özüne çekdi.

Sergä gelen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda ozaldan belli daşary ýurt gatnaşyjylar bar:

• «Business community of Zhanaozen» kompaniýasy
• Lipeskiniň «Söwda-senagat edarasy»
• «Siemens Energy LLC»
• «Glanco Environmental Technologies Industry and Tic. Inc»
• «Grow Group»
• «Ciflower Sahnghai Co., Ltd»
• «Kronen Gmbh»
• «SalamBilalMuradi»
• «Clemco Baltic OÜ»
• «Soft-Klub»
• «Qazchi» söwda kompaniýasy»
• «Bougues Turkmen»

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň