Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2025-nji ýylda 11,5 milliard dollar maýa goýum çekmegi meýilleşdirýär

17:5818.03.2025
0
23329

Türkmenistanda 2024-nji ýylda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça meýilnama 110 göterim ýerine ýetirilip, bu ugurda 11 milliard amerikan dollary özleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary P.Ýagşyýew «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýum çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi.

P.Ýagşyýew öz çykyşynda ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüş depgininiň 2024-nji ýylda 6,3 göterim bolandygyny, ykdysadyýetdäki umumy maýa goýumlaryň paýynyň bolsa 17,6 göterimden geçendigini aýtdy. Türkmenistanyň hökümeti 2025-nji ýylda çekiljek maýa goýumlaryň möçberini 11,5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär.

Berlen maglumatlara görä, meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň 65,6 göterimi önümçilik maksatly taslamalara gönükdiriler. Şeýle-de, umumy maýa goýumlaryň 32,9 göterimi hususy pudak arkaly özleşdiriler, 9,7 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylar.

Çykyşda, hususan-da, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Çaklamalara görä, 2025-nji ýylda ýurduň JIÖ-de (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) döwlete degişli däl pudagyň paýy 71,6 göterime ýeter.

Ministriň orunbasary Türkmenistanda maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady. Ýurtda «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlarynyň we girdejileriniň goragynyň kepillikleri hakynda», şeýle-de kärhanalar, paýdarlar jemgyýetleri, erkin ykdysady zolaklar we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda kanunlar hereket edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda maýa goýum işini düzgünleşdirýän 67 sany ylalaşyk hereket edýär. Şolaryň 28-si özara maýa goýumlary höweslendirmek we goramak hakynda, 39-sy bolsa ikitaraplaýyn salgyt salynmagynyň öňüni almak hakynda baglaşylan ylalaşyklar.

P.Ýagşyýew çykyşynyň ahyrynda forumyň ähli gatnaşyjylaryny şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Resmi çakylyklar diplomatik ýollar arkaly gyzyklanýan taraplara iberiler.

Halkara forum Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň