Türkmenistanyň Ahal welaýatynda iki sany möhüm infrastruktura desgasy işe girizildi. Has takygy, Tejen şäherinde günlük kuwwaty 30 müň kub metre barabar bolan suw arassalaýjy zawod hem-de Ak bugdaý etrabynda günlük kuwwaty 15 müň kub metre deň bolan lagym arassalaýjy zawod ulanylmaga berildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti ýazýar.
Desgalaryň ikisiniň hem gurluşygy hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyryldy. Ýagny Tejen şäherindäki suw arassalaýjy zawod «Netijeli binýat» hususy kärhanasy tarapyndan, Ak bugdaý etrabyndaky lagym arassalaýjy zawod bolsa «Mukaddes toprak» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi.
Bu desgalar öňdebaryjy dünýä öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Olarda ähli tehnologiki amallar awtomatlaşdyrylan hem-de kompýuter ulgamlary arkaly dolandyrylýar. Hünärmenler desgalaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin akylly enjamlaryň parametrlerine gözegçilik edýärler. Gurlan ýokary tehnologiýaly laboratoriýa toplumlary, süzgüçler we gurallar kesgitlenen standartlara laýyklykda suwy we hapa suwlary ýokary hilli arassalamaga we zyýansyzlandyrmaga mümkinçilik berýär.