Nawid Rasuli - Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi dört ýyldan gowrak wagtlap eýelän, diplomatik wezipesini tamamlady. Onuň iş döwründe iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk täze belentliklere ýetdi.
Onuň ýolbaşçylygynda birnäçe möhüm medeni taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi, şol sanda:
- Abuseýit Abulhaýryň 1000 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat
- Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň bilelikdäki ýöriteleşdirilen moda we lybas sergisiniň hem-de hünär ussatlyk sapaklary
- Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikdäki 2-nji syýahatçylyk we amaly – haşam sungatynyň sergisi we konserti (geçen ýyl hem geçirildi)
- Mary welaýatynda Ymam Ryza (a) bagyşlanan halkara maslahat
- Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynda miniatýura we altyn çaýmak sungatynyň ussatlyk sapaklary
- Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň çagalarynyň dostluk hepdesi
Eýranyň ýokary okuw mekdepleri Nawid Rasuliniň ýolbaşçylygy döwründe halkara festiwallara we olimpiadalara işjeň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek, Eýranyň wekilleri ýurdumyzda geçirilen bu ýaryşlarda birnäçe gezek baýrakly orunlara eýe bolmagy başardylar.