Top.Mail.Ru

Türkmenistan «Moda Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşýar

16:0620.11.2024
0
17049
Türkmenistan «Moda Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşýar
Surat: modanews.ru

Türkmenistanyň wekilleri 19-20-nji noýabr günlerinde Sankt-Peterburgda geçirilýän «Moda Arkalaşygy» III halkara foruma gatnaşýar. Forum Türkmenistan bilen bir hatarda, GDA agza ýurtlardan hem-de Angola Respublikasyndan 1,5 müňden gowrak wekili bir ýere jemledi.

Iki günüň dowamynda foruma gatnaşyjylar moda ulgamynda hökümet we maýa goýumlaryny goldamak maksatnamalary, innowasiýa, kärhanalar üçin işgärler we medeni däp-dessurlaryň häzirki zaman tendensiýalaryna täsiri ýaly meseleler boýunça pikir alşarlar. Dokma önümçiliginiň baý däpleri bilen tanalýan Türkmenistan forumda özboluşly milli lybaslaryny görkezilişe çykarýar.

Forumyň maksatnamasy umumy mejlisleri, tegelek stollary we tematiki sergileri öz içine alýar. Şeýle-de onuň dowamynda pudak birleşikleri bilen kärhanalaryň arasynda 20 töweregi ylalaşyga gol çekmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň