Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň estafetasyny kabul edýär

08:3914.11.2024
0
11848

«Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň Aşgabatdaky açylyş çäresiniň dowamynda festiwalyň indiki guramaçy ýurduna simwoliki nobat geçirmek dabarasy boldy — diýip, TDH döwlet agentligi habar berýär.

Türkmenistan türki dilli halklaryň kinoforumlarynyň däp bolan dowamlylygynyň nyşany hökmünde «Durnanyň» heýkeljigini Gazagystana gowşurar.

Açylyş dabarasynda milli lybasly ýaş türkmen ýigidi festiwalyň nobat geçiriş nyşany bolan «Durnanyň» heýkeljigini sahna çykardy, bu heýkeljik şu ýyl gazak tarapyna gowşurylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň özi bu heýkeljigi geçen ýyl türki dünýäsiniň III kinofestiwalynda alypdy.

Häzirki festiwal gadymy türkmen şäheri Änewiň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesine eýe bolmagy mynasybetli Aşgabatda geçirilýär. Çärä dürli türki döwletlerinden wekiliýetler, şol sanda açylyş dabarasynda däp bolan gyzyl haly ýodadan beýleki hormatly myhmanlar bilen bilelikde geçen Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

«Gorkut ata» kinofestiwaly kinematografiýa babatda türki döwletleriň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, türki dilli halklaryň medeni mirasyny halkara derejesinde öňe ilerletmäge gönükdirilendir

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň