Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar

20:1226.10.2024
0
33129
Türkmenistanda rak keselini bejerýän hassahanalar gurlar
Surat: spa.gov.sa

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin 22 – 26-njy oktýabr aralygynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolýar.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan maliýe-bank ulgamynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaş düzümler bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. «Saudi Press Agency» gullugynyň habar bermegine görä, Yslam ösüş banky Türkmenistanda rak keselini bejermäge ýöriteleşen üç sany döwrebap hassahananyň gurluşygy üçin 156,3 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bölüp berer. Bank tarapyndan degişli çözgüt makullanyldy.

Bellenilişi ýaly, täze, döwrebap hassahanalar ýurduň Balkanabat, Türkmenabat we Mary şäherlerinde gurlup, olar umumylykda, 11 müň 750-den gowrak hassany kabul etmäge niýetlener. Bu baradaky ylalaşyga Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Mohammed Al Jasser bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň arasynda bolan duşuşykda gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň