Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna gatnaşar

08:2622.10.2024
0
11814

Dünýäniň iri halkara pul gaznalarynyň hem-de birnäçe maýa goýum edaralarynyň Arkadag şäherini has-da ösdürmek, döwrebap innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýokary derejedäki önümçilikleri ýola goýmak, şäheriň ulag-üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, bu ugurda maslahatlaşmak we tejribe alyşmak, şeýle-de durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmak, gurluşyk we beýleki işlere maýa goýumlar bilen bagly gyzyklanmalaryň artýandygyny göz öňünde tutup, Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň nobatdaky ýyllyk maslahatyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2024-nji ýylyň 22 --- 26-njy oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Waşington şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň