Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

9 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 867 million dolardan gowrak boldy

17:2421.10.2024
0
4554

2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 867,8 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 830,3 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda altynjy ýerden orun aldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwründäkiden 79,7 million amerikan dollary möçberinde artyp, 780,6 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda ýedinji orny eýeledi.

Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 87,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42,2 million amerikan dollary möçberinde azdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — sentýabr aýlarynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 48 milliard 206 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 19 milliard 773 milliony eksportyň, 28 milliard 432 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň