Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar Woložinde geçirilen sergä gatnaşdylar

11:1421.10.2024
0
3424

Belarus Respublikasynyň Woložin şäherinde halklaryň we medeniýetleriň sergisi geçirildi. Sergide Minsk sebitiniň her etraby bir milli taslama hödürledi. Şeýlelikde, Borisow sebitiniň wekilleri Türkmenistana wekilçilik etdiler. Türkmen stendi Belarus Respublikasynyň Borisow sebitindäki uniwersitetlerde okaýan türkmenistanly talyplar tarapyndan döredildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň çadyry garpyzyň ýakymly ysy bilen özüne çekdi. Şeýle-de oňa golaý ýerde tagamlaryň dürlüligi gözüňi egleýär. Bu ýerde örän ajaýyp türkmen şaý-sepleri hem hödürlenildi diýip, mlyn.by saýty ýazýar.

Şeýle hem sergide elde ýasalan şaý-sepler, özboluşly türkmen keşdeçilik önümleri, dürli ýadygärlik sowgatlary görkezilişe çykaryldy. Şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň milli tagamlaryndan sergä gatnaşyjylara hödür-kerem edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň