Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi

16:0216.10.2024
0
14570
Aşgabatda türkmen-hytaý iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi
Surat: newscentralasia.net

14-nji oktýabrda Aşgabatda Maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Bu barada newscentralasia habar berdi.

Duşuşykda iş toparynyň türkmen tarapyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet maliýe serişdeleri we ykdysady syýasaty boýunça umumy müdirliginiň başlygy Galina Romanowa, hytaý tarapyna HHR-iň Söwda ministrliginiň daşary maýa goýumlar we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Ýan Hao ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga Türkmenistandan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi, Dokma senagaty, Energetika, Oba hojalygy, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Ulag we aragatnaşyk agentliginiň bölümleriniň, maldarçylyk we guşçulyk döwlet birleşikleriniň, azyk senagatynyň, galla önümleriniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Hytaý tarapyna maýa goýumlary dolandyrmak we daşary söwda boýunça Söwda ministrliginiň we sebitleýin edaralaryň, Hytaýyň Eksport-import bankynyň, maşyngurluşyk we elektron önümler boýunça Hytaýyň söwda edarasynyň wekilleri, senagat inženerçiligi, kompýuter tehnologiýalary, nebit we himiýa enjamlary ulgamlarynda ýöriteleşýän birnäçe kompaniýalaryň, CNPC we Huawei Technologies korporasiýalarynyň Türkmenistandaky şahamçalarynyň dolandyryjylary wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň maý aýynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda kabul edilen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Özara maýa goýumlarynyň giňeldilmegini işjeň öwrenmek we höweslendirmek, iş toparynyň we ileri tutulýan ugurlardaky beýleki täsir ediş mehanizmleriniň ornuny güýçlendirmek kararyna gelindi.

Türkmen tarapy mejlise gatnaşýan hytaýlylary maýa goýum ulgamyny we telekeçiligi alyp barmgyň şertlerini kämilleşdirmek babatynda ýurdumyzda ýerine ýetirilýän anyk çäreler, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmakdaky öňegidişlikler we «Fitch ratings» halkara reýting agentliginiň soňky baha beriş seljermeleri bilen tanyşdyrdy.

Hytaý wekiliýeti nebit-gaz, ulag we himiýa senagaty pudaklarynda möhüm taslamalar boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda energiýa çeşmeleri we infrastruktura ýaly hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, şeýle hem täze energetika, ýaşyl gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, täze ösüş nokatlaryny döretmek ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemek babatynda özara taýýarlyk tassyklandy.

Iki tarapyň işewür toparlarynyň wekilleri – kärhanalar, pudak edaralary, maliýe institutlary - senagat pudagynda maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek barada giňişleýin pikir alyşdylar we özara täsir mehanizmlerini kämilleşdirmek babatynda işlemegi dowam etdirmek dogrusynda ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň