Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyny ýeňdi

11:4414.10.2024
0
10989

Şenbe güni Aşgabatdyň «Nusaý» stadionynda «Arkadag» futbol kluby barlag oýnunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň synag toparyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardy. Toplary 28-nji minutda Resul Hojaýew hem-de 82-nji minutda Begenç Akmämmedow tora girizdiler. «Arkadag» toparynyň oýunçysy Abdy Bäşimow 74-nji minutda oýundan çykarylyp, ol azlykda oýnandygyna garamazdan hasap duşuşygyň ahyryna çenli üýtgemän galdy.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow toparyň liderlerini oýna çagyrman, bu ýoldaşlyk duşuşygyny ätiýaçlykda bar bolan oýunçylaryny barlamak üçin ulandy. Oýnuň ahyrky minutlarynda san taýdan artykmaçlygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýygyndy topary oýny öz bähbidine üýtgedip bilmedi. Mundan başga-da, 76-njy minutda «Arkadagyň» derwezeçisi Kakageldi Berdiýew milli ýygyndynyň oýunçysy Meýlis Durdyýew tarapyndan ýerine ýetirilen jerime urgusyny gaýtarmagy başardy.

«Arkadag» futbol kluby üçin bu duşuşyk ýakyn wagtda Kuweýtde geçiriljek AFK Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna möhüm taýýarlyk oýny boldy. «Arkadag» kluby 26-njy oktýabrda «Maziýa» toparynyň garşysyna oýnar, 29-njy oktýabrda «Abdyş-Ata» we 1-nji noýabrda «Al-Arabi» bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň