Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer

09:2716.10.2024
0
5666
HPG: umumy dünýä bergisi 2024-nji ýylda 100 trillion dollardan geçer
Surat: belta.by

Ähli ýurtlaryň jemi döwlet bergileri şu ýylda 100 trln dollardan geçer, bu dünýä Jemi içerki önüminiň 93 göterimine golaýyny düzer. Bu barada TASS habarlar gullugy Halkara Pul Gaznasynyň nutugyna esaslanyp habar berdi.

Gaznanyň nutugynda onýyllygyň aýagyna çenli ählumumy berginiň möçberiniň dünýäniň JIÖ-niň 100 göterimine çenli ösüş görkezjekdigi çaklanýar.

Şunda çaklamalara görä, bergi ýurtlaryň üçden iki böleginde durnuklaşar ýa-da azalar, emma ol şonda-da pandemiýadan öň çak edilişindäkiden has köp bolar.

«Soňky onýyllyklarda býujetiň meseleleri babatdaky syýasy jedeller köp halatda hökümetiň uly çykdajylarynyň haýryna ýykgyn edýär» diýlip, nutukda nygtalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň