Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:3612.10.2024
0
17459

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt Liderlerini «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglady, Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy, Waagn Haçaturýan Serdar Berdimuhamedowa Magtymgulynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen ýygyndysyny sowgat berdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow beýik şahyr we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda çykyş etdi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň ähmiýetini belläp, Magtymgulynyň garaýyşlarynyň dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny nygtady. Maslahatyň dowamynda şahyryň eserlerini wagyz etmek, halklaryň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2. Forumyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşleriniň her biriniň çykyşlaryndan soňra, olary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy. Daşary ýurt Liderleri Türkmenistanyň bu ýubileý medaly bilen ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin sylaglandy.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellediler. Iň ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklar we parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi muňa has-da uly itergi berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putiniň foruma gatnaşmagynyň Russiýada Magtymgulynyň döredijiligine uly hormat goýulýandygyny subut edýändigini belledi.

4. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşirini sowgat berdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ermenistanyň Prezidentine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

5. Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Prezident Şawkat Mirziýoýew dostlugyň we aýratyn hormatyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna özbek diline terjime edilen «Magtymguly» atly kitaby sowgat berdi.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşinie Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

7. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow onuň Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Neda Berger Arkadag şäherinde VI Wena balynyň üstünlikli geçirilendigini aýtdy. Ol iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrülen bu möhüm çäräni geçirmäge beren ýardamy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde onuň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi. Ol Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Dünýäde

8. 12-nji oktýabrda Ispaniýada ýurduň Milli güni bellenilýär. Bu baýram ýurduň iň möhüm baýramçylyklarynyň biri bolup, ispan dilli dünýäniň agzybirligini we baý medeni mirasyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a Ispaniýa Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany gutlag hatynda Patyşa Filipp VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Ispaniýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

9. Russiýa Federasiýasy we Eýran halkara giňişliginde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, wakalara baha bermekde köplenç meňzeş garaýyşlara eýedirler. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen Aşgabatda geçirilen duşuşygyň ahyrynda aýtdy.

Sport täzelikleri

10. Nemes hünärmeni Tomas Tuhel Angliýanyň Futbol Assosiasiýasy bilen milli ýygyndynyň baş tälimçisi bolup işlemek barada gepleşikleri geçirýär. 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň Garet Sautgeýt Angliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Angliýanyň topary ýaryşyň finalynda ispanlardan 1:2 hasabynda ýeňildi. Li Karsli baş tälimçiniň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde bellendi. Tuhel 51 ýaşynda, onuň iň soňky iş ýeri «Bawariýa» topary bolup, ol topar bilen 2022/23-nji möwsümde Germaniýanyň çempiony boldy.

11. Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal noýabr aýynda Dewisiň Kubogyndan soň professional karýerasyny tamamlajakdygyny habar berdi. Tennis meýdançalarynda geçirilen 23 ýylda Nadal 1000-den gowrak oýunda ýeňiş gazandy we tennisdäki ähli esasy baýraklary gazandy. Nadal professional karýerasyna 2001-nji ýylda başlady. 209 hepdäniň dowamynda dünýä sanawynda birinji orny eýeledi, iki gezek Olimpiýa çempiony we bäş gezek Dewisiň Kubogynyň eýesi boldy. Ol «Roland Garros» ýaryşynda has köp üstünlik gazanyp, rekord derejede 14 gezek ýeňiji boldy, şonuň üçin hem «Toprak şasy» lakamyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň