Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Prezidenti Magtymgulynyň ýubileý forumyna gatnaşýar

22:5210.10.2024
0
12512

Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardary iki günlük sapar bilen bilen Aşgabada geldi. Pakistanyň ýokary derejelei wekiliýetini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow we beýleki resmi adamlar garşy aldylar.

Pakistanyň Prezidentiniň resmi Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Prezident Asif Ali Zardary saparynyň dowamynda ertir Aşgabatda geçirilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ««Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşar we çykyş eder.

Bellenilişi ýaly, belent mertebeli myhman saparynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň