Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň ýubileýine bagyşlanan foruma 100-e golaý halkara žurnalist gatnaşar

22:1010.10.2024
0
8989

Ertir Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Foruma birnäçe döwletiň, hökümetiň we parlamentiň, halkara guramalaryň we beýleki derejedäki wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň Halkara habarlar merkeziniň habar bermegine görä, forumy giňişleýin beýan etmek üçin, 100-e golaý žurnalist Aşgabada geldi. Şeýlelik bilen, «МИР24», «Первый канал», «НТВ», «ТАСС», «ВГТРК», «Известия», «Комсомольская правда», «Russia Today», «Коммерсантъ», «Российская Газета», «Радио Маяк», «Ведомости» ýaly habar beriş serişdeleri halkara forum barada öz platformalarynda möhüm wakany ýaýlyma bererler. Foruma Ermenistan, Mongoliýa, Tatarstan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan ýaly döwletlerden metbugat žurnalistleri hem gatnaşar.

Halkara forumy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi, Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi hem resmi saýtynda we sosial ulgamlarynda yzygiderli beýan eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň