Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sigure Isiba 27-nji oktýabrda geçjek möhletinden öňki parlament saýlawlarynyň öňýanynda Parlamentiň aşaky palatasyny işden goýberdi diýip, ýapon habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Men biziň işimize jemgyýet tarapyndan göni baha almak maksady bilen, palatany dargatmak kararyna geldim. Biziň Ýaponiýany we onuň halkyny goramak üçin Hökümeti dolandyrmagy dowam etmegimiz gerek» diýip, Isiba garşylykçy partiýalaryň wekilleri bilen pikir alyşmalarda aýtdy.
Isiba Premýer-ministriň wezipesini Fumio Kisida Liberal-demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndan gidenden soňra eýeledi.