Şri-Lankanyň gündogarynda nebitli çelekleri daşaýan otly ýabany pilleriň sürüsi bilen çaknyşdy. Bu barada «Daily Mirror» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.
Waka anna güni irden Gündogar sebitdäki Battikaloa-Kolombo ýolunda boldy. Çaknyşyk netijesinde iki pil pida boldy, birnäçesi ejir çekdi. Lokomotiw bilen dört nebitli çelek demir ýoldan çykdy, olaryň ikisi agdaryldy. Otlularyň hereketi togtadyldy, wakanyň netijelerini aradan aýyrmak üçin birnäçe gün gerek bolar diýlip, habarda bellenýär.
Pilleriň Şri-Lankada keramatly hasaplanýandygyna garamazdan, her ýyl ýurtda olaryň 200-e golaýy pida bolýar. Olary ýa otly kakýar, ýa-da öz ekin meýdanlaryny goraýan daýhanlar tarapyndan ýok edilýär. Her ýyl 50 sany adam öýlerine pilleriň hüjümi netijesinde gurban bolýar. Şri-Lankada 7 müň töweregi pil bar diýip, ýurduň resmi edaralary habar berýär.