Hindistanyň Hökümet başlygy Narendra Modi geljek hepdäniň sişenbe güni BRIKS toparynyň sammitine gatnaşmak üçin Russiýa barar. Bu barada Hindistanyň DIM-i habar berdi diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
«Modi gurama tarapyndan öňe sürlen başlangyjyň çäklerinde gazanylan öňegidişlere baha bermek, şeýle-de geljekki hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek üçin BRIKS toparynyň 16-njy sammitine gatnaşar» diýlip,
Hindistanyň daşary işler edarasynyň habarynda bellenýär.
Hindistanyň Premýer-ministriniň Kazanda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdigi habar berilýär.