Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Psiholog nämüçin köp ýylgyrmalydygynyň sebäbini düşündirdi

12:2205.10.2024
0
13440
Psiholog nämüçin köp ýylgyrmalydygynyň sebäbini düşündirdi
Surat: mir24.tv

Ýylgyryş daş-töweregiňdäki adamlaryň keýpini göterýär we islendik söhbetdeşlikde kömek edýär. Psiholog-lukman Dmitriý Lebedewiň bu baradaky sözlerini «MIR 24» getirýär.

Hünärmeniň sözlerine görä, ýylgyrmak arkaly adam has bagtly bolup bilýär. Muňa biziň keýpimize jogap berýän gormonlar, ýagny endorfinler sebäp bolýar. Ýylgyryş şeýle-de stresiň derejesini peseltmek bilen, adamyň fiziki saglygyna oňyn täsir edýär.

Köp ýylgyrýan adamlar öz töweregindäkileriň ynamyny we açyk göwünliligini gazanmagy başarýarlar. Adamlar olary has özüne maýyl ediji, dostparaz we işi şowuna hasaplaýarlar. Bularyň ählisi has pugta sosial gatnaşyklaryň emele gelmegine we ýalňyzlykdan goranmaga kömek edýär diýip, Lebedew nygtady.

Ýylgyryş mundan başga-da özgelere goldaw we duýgudaşlyk bildirmegiň bir görnüşi bolup biler. Agyr pursatlarda bu ruhy hemaýata mätäç adama özüni oňat duýmaga kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň