Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

3-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0003.10.2024
0
13124

Türkmenistanda halkara gurluşyk forumyna gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri alnyp barylýar, Maryda we Aşgabatda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler, Türkmenistanda amerikan ýokary okuw mekdebiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligini ara alnyp maslahatlaşyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy» atly halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Bu çäre ýurtda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp geçiriler. Foruma gatnaşmak wekillere Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna maýa goýum mümkinçiliklerine has gowy düşünmäge, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

2. Oktýabr aýynda Türkmenistanyň medeni maksatnamasy halkara derejesindäki gyzykly wakalara baý bolar. 15 — 17-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçiriler. 18 — 20-nji oktýabr aralygynda Aşgabat Türki medeniýetiň halkara guramasyna – TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwalyny kabul eder. 27 — 29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat we Mary şäherlerinde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler.

3. ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Todd Dýakon bilen Türkmenistanyň bilim ministiriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň üç ýokary okuw jaýynyň: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda üç özara düşünişmek baradaky Ähtnamalara gol çekildi. Taraplar Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi ara alyp maslahatlaşdylar.

4. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň iki gezek eýesi, halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewe bagyşlanan döredijilik geňeşi geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary Saragt Babaýewi «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy we we «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

5. Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Nikaraguanyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Raşid Meredow we Waldrak Lýudwig Witaker ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly meselelerini, şol sanda syýasy gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň we medeni alyşmalaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6. 90-njy ýyllaryň ýyldyzy, aýdymçy Gwen Stefani 55 ýaşyny belleýär. Onuň karýerasy 90-njy ýyllarda, «Don't Speak» aýdymy garaşylmadyk ýagdaýda meşhur bolanda başlandy. Kaliforniýada köp çagaly maşgalada önüp-ösen Gwen çagalykdan aýdym aýtmak bilen gyzyklanýardy. 2004-nji ýylda Stefani ýekelikde aýdym karýerasyna başlady.

7. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmeni çagalar we ýetginjekler tarapyndan smartfonlary ulanmagyň çäklendirmelerini girizmek başlangyjy biilen çykyş edip, bu çäreleri çilimkeşlige garşy göreş bilen deňeşdirdi. Ol ýaş nesliň psihiki saglygyny goramak üçin sanly enjamlara elýeterliligi kadalaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Nataşa Azzopardi-Muskat jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegiň gadagan edilişi ýaly, käbir ýerlerde sanly enjamlaryň ulanylmagyny çäklendirmegi göz öňünde tutmagy teklip etdi. Şeýle hem ol temmäki önümleri bilen bagly ulanylýan ýaş çäklendirmeleriniň we bahalara gözegçilik edilmeginiň girizilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2028-nji ýylda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa hem-de XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Bu çözgüt türkmen türgenleriniň öňde boljak oýunlara gatnaşmagyny üpjün etmäge we ýurduň halkara sport giňişligindäki ornuny berkitmäge gönükdirilendir.

9. «Altyn Asyr» AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» toparyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Oýnuň ýeke-täk goly birinji ýarymyň esasy wagtyna goşulan dördünji minutda derwezä girizildi. Myhmanlaryň hüjümçisi Usama Bellatreçe öz wagtynda gerek ýerinde peýda bolup, pökgini ýer eýeleriniň derwezesine girizdi. Bu gol ikinji ýarymda türkmen toparynyň ähli tagallalaryna garamazdan, ahyrky netijäni kesgitledi. Duşuşykdan soň «Altyn Asyryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew lapykeçligini gizlemedi: «Şu gün iň bolmanda bir utuga mynasyp bolandygymyza ynanýaryn, ýöne bu futbol, şeýle bolýar. Meniň pikirimçe, biraz şowlulyk ýetmedi».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň