Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

22:0519.09.2024
0
4696
Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berýär.

Türkmenistan bilen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşyldy we özara gatnaşyklary giňeltmek babatynda öňde duran bilelikdäki wezipeler kesgitlenildi.

Taraplar migrasiýa dolandyryşy boýunça halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň we migrasiýa kanunçylygynyň iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny bellediler.

Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň