Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistan Türkmenistan bilen goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

11:3326.09.2024
0
4230
Özbegistan Türkmenistan bilen goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk eder
Surat: daryo.uz

Özbegistan Türkmenistan we Türkiýe bilen goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk eder. Bu barada ýurduň Adalat ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, Özbegistanyň Prezidentiniň gol çeken kanunyna laýyklykda, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan Özbegistanyň we Türkiýäniň Hökümetleriniň arasynda goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygy tassyklaýan kanuna hem gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň