Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň möhüm meseleleriniň biri bolan Owganystandaky ýagdaýa degip geçmek bilen, Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýa berýän bahasynyň häzirki wagtda owgan halkynyň agyr we köpýyllyk döwri ýeňip geçmek hem-de ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň döwlet institutlaryny dikeltmek, sebitde parahatçylygy, ylalaşyklylygy, bitewüligi gazanmak we berkarar etmek boýunça umumymilli işe geçmek üçin anyk mümkinçiliginiň peýda bolandygyna esaslanýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, halkara bileleşigi tarapyndan owgan halkyna kömek bermek, ýagdaýa oňat düşünmek, öňdengörüjilik hem-de bu meselä jogapkärli çemeleşmek zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti esasy maksatlara – Owganystany durnukly, parahat ýurda, gymmatly we geljegi uly ykdysady hyzmatdaşa, hormatlanylýan we deňhukukly döwlete, Milletler Bileleşiginiň agzasyna öwürmäge ýardam bermäge ünsi jemlemäge çagyrdy.
Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Germaniýa halkara we sebit meýdançalaryny ulanyp, bu wezipelere tagallalary gönükdirmek, diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, Owganystanyň gatnaşmagynda iri infrastruktura we ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, olara saldamly daşarky maýa goýumlaryny çekmäge ýardam bermek zerur bolup durýar.