Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebitinde 19,780 tonna güýz ýeralmasy ýygnaldy

15:4317.09.2024
0
5228

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýere ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 780 tonna golaý hasyl alyndy we bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýatyň ekin meýdanlarynda göz öňünde tutulan 900 gektar güýzlük ýeralma ekilen meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleri guramaçylykly dowam etdirilýär.

Her gektardan 140 sentner hasyl almaklygy maksat edinýän lebaply daýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredýärler. Has takygy şu wagta çenli welaýat boýunça ýeralma ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri doly tamamlanyp, eýýäm 90 göterimden gowrak ýerde gögeriş gazanylypdyr. Şeýle hem ýeralmadan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi we 1-nji gezek goşmaça iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirlip, bu çäreler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Saýat etrabynda 250, Dänew etrabynda 120, Halaç etrabynda hem 90 gektar ýerde ýeralma ekilip, bu etraplarda 1-nji ideg işler eýýäm tamamlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň