Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restoranynyň süýjülikleri: her böleginde dünýäň lezzeti

14:2017.09.2024
0
4945

«Dejavu» restorany Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ajaýyp fransuz süýjülikleriniň dünýäsinden lezzet almagy hödürleýär.

Restoranyň tagamnamasynda Tiramisu, Napoleon hem-de Krep sýuzet ýaly meşhur süýjülikler bar. Bu ýerde baş konditer-aşpeziň döredýän özboluşly süýjülik eserleri aýratyn ünsüňi çekýär: «matça» çaýyndan çizkeýk we basklaryň meşhur «San Sebastiýan» çizkeýki. Her süýjülik diňe bir ýakymly tagamy bilen däl-de, eýsem aşpezlik sungatynyň hakyky eserine öwrülen täsin hödür ediliş aýratynlygy bilen hem tapawutlanýar.

«Dejavu» restoranynyň myhmanlary diňe bir fransuz desertleriniň tagamlaryndan däl, eýsem binanyň oňaýly atmosferasyna hem baha berip bilerler. Myhmanlara göwnejaý bolar ýaly, restoran jaň edip stol bron etmek mümkinçiligini ýetirýär. Telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02 we (+993 60) 19 19 03.

Tagamnama, ýörite teklipler hem-de çäreler barada has giňişleýin maglumatlary restoranyň resmi sosial media sahypasyndan tapyp bilersiňiz. Restoran şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň