Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Jan Technology» kompaniýasy täze «Belet Box» teleýaýlym enjamlaryny hödürleýär

12:2517.09.2024
0
5171

«Jan Technology» kompaniýasy hojalyk elektronika enjamlarynyň bazarynda täze önümi — «Belet Box» teleýaýlym enjamlaryny hödürleýär. Güýmenjeleriň hiline we dürli görnüşlerine ähmiýet berýänler üçin döredilen bu enjamlar öý dynç alşyny has-da gyzyklandyrmagy wada berýär.

«Belet Box» enjamlary kämilleşdirilen birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň hatarynda — täzelenen, has duýgur interfeýs hem-de oňaýly nawigasiýa üçin kämilleşdirilen programma üpjünçiligi bar.

Esasy täzelikleriň biri-de, täze enjamda dürli hili bilim we güýmenje materiallaryny hödürleýän «Belet Video» platformasyna tölegsiz elýeterliligiň bolmagydyr. Mundan başga-da, ulanyjylar dürli filmleri, seriýallary hem-de telegepleşikleri özünde jemleýän «Belet Film» we «Älem TV» platformalaryna girip bilerler.

Bu enjamlar dürli oýunlary we güýmenje programmalaryny hem hödürleýärler. Täzelenen IPTV goşundysy şekiliniň hili has gowulandyrylan teleýaýlymlara ýeňil girmek mümkinçiligini üpjün edýär.

Täze «Belet Box» enjamlarynyň tehniki häsiýetnamasyna — 4 Gb operatiw ýady, 32 Gb fleş ýady, ses kömekçili funksiýasy bolan 2,4 GGs aeropulty hem-de durnukly ýokary tizlikli internet birikmesini üpjün edýän kuwwatly Wi-Fi birikdirmesi girýär.

Täze «Belet Box» enjamynyň bahasy 850 manat.

Goşmaça maglumat almak ýa-da sargyt etmek isleýänler (+993 12) 75 02 08 telefon belgilerine jaň edip ýüz tutup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň