Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDÇA-nyň sergiler jaýynda 28-nji sentýabrda birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener

09:0916.09.2024
0
4675
TDÇA-nyň sergiler jaýynda 28-nji sentýabrda birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener
Surat: tdca.edu.tm

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda şanly seneler mynasybetli yglan edilen bäsleşikleriň ýene-de birnäçesiniň jemlerini jemlemek dabarasy bolar. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu çäreleriň geçirilmegi Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek, ýaş döredijileri täze üstünliklere ruhlandyrmak, milli edebiýaty we medeniýeti has-da belent sepgitlere ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Hasabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan degişli jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaş ýazyjylaryň, dramaturglaryň, suratkeşleriň, sazandalaryň hem-de kitaphana işgärleriniň arasynda birnäçe döredijilik bäsleşikleriniň geçirilendigi, olaryň jemleri jemlenilip, ýeňijilere baýraklary gowşurmak dabaralarynyň bolandygy barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, bu işleriň şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermäge, edebi mirasyny giňden wagyz etmäge, düýpli öwrenmäge ýardam edýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi we ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek döredijilik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň