Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy wezipesine migrasiýa boýunça öňki ministr Mariýa Malmer Stenergardy belledi diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.
Öňki daşary işler ministri Tobias Billstrýem öz wezipesini terk edýändigini yglan edipdi. Ol şeýle-de şwes Parlamentindäki ornuny hem goýýandygyny we syýasaty terk edýändigini habar beripdi.
43 ýaşly Mariýa Malmer Stenergard häzirki Premýer-ministr tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýurdy dolandyryjy koalision partiýanyň agzasydyr.