Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nigeriýanyň demirgazygyndaky gark bolan şäheri 200 müň adam terk etdi

16:1212.09.2024
0
8478

200 müňden gowrak adam Nigeriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky Borno ştatynyň dolandyryş merkezi bolan Maýdugiri şäherini uzaga çeken çabgalardan soňra 70 göterim derejede gark bolmagy bilen bagly terk etdi.

Bu barada «Daily Trust» gazetine salgylanýan TASS habar berdi. Neşir betbagtçylygyň görlüp-eşidilmedik derejededigini belleýär.

Sil joşmasy netijesinde ýerli gonamçylyk, lagym ulgamy we zibilhana gark boldy. Şäheriň haýwanat bagyndan krokodiller, ýylanlar gaçdy, köp öýler ýumruldy, ekin meýdanlary, şäher etekleri harap boldy. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Milli agrentlik 200 müňden gowrak ýaşaýjynyň göçürilendigini habar berdi. Köp adamlaryň, şol sanda çagalaryň dereksiz ýitendigi habar berilýär.

Uzaga çeken ýagynlardan başga, ýagdaýa Maýduguri şäherinden 10 kilometrlikdäki Alau gatlasynyň ýykylmagy täsir etdi. Ýerli garrylar şeýle betbagtçylygyň Borno ştatynda mundan 30 ýyl öň bolandygyny gürrüň berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň